| |

Güýz / sonet

Güýz / sonet GÜÝZ

Güýz / sonet

1.

Güýzüm, güýzüm, sary güýzüm,
Wysaldan öňki hijranym,
Kimiň köýen ary güýzüm,
Argynmy sen, ýadawmy sen,
Ömrüne hoş söz görmedik,
Dostlaryndan ýüz görmedik,
Maňa meňzeş adammy sen?

2.

Güýzüm, saňa meňzeş bir gyz,
Biraz gamgyn, biraz ýalňyz,
Ilden-günden alyp salgy
Çaýlaşmaga gelmezmikä?

Allanyň arzuwna des-deň,
Destinde dogaly depder,
Iň bolman bir gün, bir hepde,
Aýlaşmaga gelmezmikä?

Buz örtüp, gyşlap köňlümi
Ýazlaşmaga gelmezmikä?
Meň özüme öz göwnümi
Aldaşmaga gelmezmikä?

Aýralygyň nyşanasyn
Ursa, otursa ýanaşyk,
Gam ýyldyzlaryn sanaşyp,
Paýlaşmaga gelmezmikä?

Yşk goýnunda irkilmäge,
Henek atyşyp, gülmäge,
Meň bilen söhbet kylmaga,
Bo:ýlaşmaga gelmezmikä?

“Bar alajy her zadyňam” –
Diýip, eşdip perýadymy,
Gamyň, derdiň derýasyny
Boýlaşmaga gelmezmikä?

Ret edip däp-dessury,
Özünden bilip mejbury,
Çölden idäp men Mejnuny,
Azaşmana gelmezmikä?

Ýaman gözden bolup ägä,
Ýalan sözden bolup ägä,
Bu derdimi egsigmäge,
Aglaşmaga gelmezmikä?

3.

“Hoş gal!” diýsem aýny ýaşda,
Dembe-dem galarsyň, güýzüm.
Ýüregimde köne baş deý
Dömmeden galarsyň, güýzüm.

Ömür-pursat baga seýil
(Geçip barsa näm edeýin?)
Bir bigünä çaga deýin
Emmeden galarsyň, güýzüm.

Aýlap, pasyllap, müçeläp,
Akarsyň ýaplap, köçeläp,
Ýapragyň pul deý seçeläp,
Teňňeden galarsyň, güýzüm.

Hudaýyň sözi deý kämil,
Derdiňe düşündim kän ir.
Sary gyz deý ter hem tämiz,
Gül beden galarsyň, güýzüm.

Ter gülleri edip ahmal,
Töňňeden galarsyň, güýzüm.
Sen diňe bir şahyrdan däl,
Hemmeden galarsyň, güýzüm.

4.

Obamyň güýz gyzlary
Bir azajyk gussaly.
Kämillige – güwälik,
Tämizlige – nusgalyk.

Sizi nirden çykardy,
Dünýäň uzak ýollary?
Obamyň başga oba
Göçürlen ter gülleri.¹

Ýüpek gerdeniňizde
Al gün solup giderdi.
Aýdymňyzy eşden ýel
Lal-güň bolup giderdi.

Siz nirlerden çykdyňyz
Siz nirlerde galdyňyz?
Ýygan pagtaňyz ýaly
Açyk bolsun alnyňyz.

Sizi nirden çykardy,
Gadym ýoly pelegiň?
Ýelden, günden uýalan,
Bossan, Bessir, Enegül.

Aýdan sözleri aýdym,
Ýylgyrşy bir dessan,
Meniň eziz uýalam
Bessir, Enegül, Bossan.

Ýüpek arzuwňyz ýaly
Günler miýesser etsin.
Meň ruhy söýelem,
Enegül, Bossan, Bessir.

5.

Güýzüm, sary doganym,
Alma-nary doganym.
Mertler hiç haçan gözden
Salmaz ahyr doganyn.

Keýpiňi çaglaşaýyn,
Derdiňi paýlaşaýyn,
Şonda-da nadyl bolsaň,
Oturup aglaşaýyn.

Sary sadylla güýzüm,
Bady badynda güýzüm,
Bir gyzyň kalpda ýakan,
Ody ýadymda güýzüm.

Gamdan bagry elegim,
Egbarlandym elenip,
Garyp şahyra dözmän,
Bir ýyldan soň gelenim.

6.

Söýýän güýzüm seni,
ýöne
Söýsem-de kän heserlenip,
Gözlem ýazlaryň zarydyr,
Sebäbi solan ýapraklar
Bilmez gök öwsüp terlenip,
Bahar gelmese barybir.

7.

Gideýin, ýadadym, çen boldy indi,
Balalam ýoluma bakyp durandyr.
Bigünä , bagtyýar didelerinden
Ýyldyzlar derýa deý akyp durandyr.

Gideýin, minnetden boldum men dagdy,
Küýseýär ýüregim rahatlygy.
Bimany meýlisiň ýympyk şatlygy
Ertesi üstümden gam bolup ýagdy.

Serhoşlygmy, boş geçiren wagtymyň
Günäsini öterler şu saparam,
Gözläp ýören hoş sözümi, bagtymy
Olaň ýagty ýüzlerinden taparyn.

Olar menden biraz nägile bolar,
Bar bolsa geçerler meniň günämi,
Nuhuň tupanynda galanda olar,
Meniň sözlerimden ýasanar gämi.

Meni hudaý saýan perişdejiklem,
Öser, ulalarlar ýaz güli ýaly.
Soňra düşünerler şer işleň çökder,
Haýyr işleň bolsa azdygna häli.

Bolsun diýip olar ajap erteli,
Mydam päklik bolsun diýip baýdagy,
Aýdyp biýrin ajap-ajap erteki,
Bilýän ähli hoş sözlermem aýdaryn.

Duýar olar dünýäň gözelligini,
Gowy-gowy sözleriň her harpynda,
Goýaryn päkligiň gönezligini
Balalarmyň tämiz hem ter kalbynda.

Bildigimden öwüt berer ýörerin,
Aýdaryn ýyldyz hem älem hakynda.
Men olara alma alyp bererin,
Özümiň ujypsyz galam hakymdan.

Ýaz şemaly ýaly şadyýan hem ter,
Bu ýaýlada gülüň biri bolsalar,
Olaň ýeňişlerne göwünim biter,
Armanym ýok, iliň biri bolsalar.

Aýralygyň soňy gelmez ýurdunda
Tenim gurçuklara nep olanynda.
Nuhuň kepderisi ýaly ýüregim
Perwaz urar olaň depelerinde.

…Güýzüň bagry girýan ýagmyry diňdi,
Garaňky… Ýüregmi şem kibi ýakyp
Gideýin, ýadadym çen boldy indi,
Balalam ýoluma durandyr bakyp.

8.

Men halys boldum-la güýzüm,
Soldum-la, güýzüm, men halys.
Synamda solmajak güllä
Öwrüldi baş söýgiň ahy.
Ýüregmi deprek dek ylla
Kakýan ýaly nakys kişi.
Başymda dünýäň teşwüşi,
Saýýarmyň şahyry asy.
Näme şahyryň günäsi,
Näme şahyryň etmişi
Öldüm-le güýzüm men halys.

9.

Güýzüm, dogrymy aýdaýyn,
Ýaşap-ýaşap irdim men-ä.
Örtenip, ýanyp, ýaýdanyp,
Ýadap, ýadap irdim men-ä.

Alnynda güýz görkli Aýyň,
Tämiz gül kibi mylaýym,
Bir gözele daýym-daýym,
Goşgy okap biýrdim men-ä.

Syndy görküm, görmeklerim,
Syndy demir dyrnaklarym.
Bir mahallar şirdim men-ä.

Göwnümi gama duwladym,
Öçdi gözlermiň şuwlasy.
Ýakyp barýan nurdum men-ä.

10.

Egisýär biraz derdiňi,
Gürrüň edip bermegem,
Güýzüm, bir ertekijik
Aýdyp bersem görme geň.

Bar eken bir pyşbaga,
Hyýal edýär uçmaga,
Onuň gaýry zady ýok
Ýeri bar ýapyşmaga.

Uçjakmyş bar höwesi,
Çüýşe ýaly asmany
Ganaty bilen urup,
Gelýärmişin döwesi.

Näçe arzuw etse-de,
Kän göwün ýüwürtse-de,
Gurbaty ýok uçmaga,
Sebäbi ol pyşbaga.

¹- Rejepgeldi Mejikowdan perefraza

Gurbandurdy ORAZOW.

Surat: Polat Garryýew / «Altyn güýz» Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle