Köwüş çotgasy
Köwüş çotgasy
Köwüş çotgasynyñ ýüregi gysyp,
Diş çotgasynyñka gidesi geldi.
Kowumdaşy bilen çaýyñ başynda
Iç döküşip gürrüñ edesi geldi.
Düwünçege düwüp sowgatjygyny,
Hiñlenjiräp, assa-ýuwaş ugrady.
Ýöne, diş çotgasy sowuk garşylap,
Ählije keýpine sogan dogrady.
Diýdi: — Seniñ edýän işiñ hapa iş.
Şonuñ üçin diýip bilmerin «Otur!»
Meniñ öz gatnaşýan deñ-duşlarym bar:
Diş pastasy,
Sürteç,
Sabyndyr,
Atyr!
* * *
Hawa, käte şeýle bolaýmasy bar:
Gowy gylyk gara şaýa geçenok,
Seniñ kimdigiñi kesgitleýär kär!
■ DAWA
Tarelka tarelka diýdi: — Süýş biraz!
— Süýşjek däl, gör ahyr, ozalam ýer aza
— Süýşmeli bolarsyñ,
— Süýşmejegim hak!
— Menem hötjetdirin, süýşüşiñe bak!
Tarelka tarelkañ böwründen itdi,
Ikisem stoldan düñderlip gitdi.
Stol başyn ýaýkap, diýdi: — Eý, toba!
Jäç bolup ýatyrlar, erbet zat dawa!
■ UÇMAHYÑ GIRELGESINDE
(Uçmahyñ girelgesinde)
Günäsi dag deýin agyr bolsa-da,
Uçmaha goýberýär bir zat emläni.
Goly boşja halal kişi gelse-de,
«Ornuñ dowzah!» diýip, urýar hemläni.
(Haýsy dünýä parhy ýok, bir öwrümde
Geregi çykaýýar,
gowy zat ýadam

Ünslüje synlasam,
Giriş döwründe
Para bilen WUZ-a salanja adam!
■ DIÝDI: — NEPES DÖWRI DÄL
Diýdim: — Ysgap doýmaly,
Bu ne üýtgeşik alma?!
Diýdi: — Al ýañagymdyr,
Bidin ysgaýjy bolma!
Diýdim: — Ýañy açylan
Bu ne üýtgeşik gunça?!
Diýdi: — Bally dodagym,
Oña höwesek ençe!
Diýdim: — Ne aladyr bu?!
Diýdi: — Ala gözümdir!
Diýdim: — Ne ýagtydyr bu?!
Diýdi: — Aý dek ýüzümdir.
Diýdim: — Ne süýjüdir bu?!
Diýdi: — Şirin dilimdir!
Diýdim: — Ne inçedir bu?!
Diýdi: — Inçe bilimdir!
Diýdim: — Kaddy-kamatyñ
Gujaga laýyk, gülüm!
Diýdi: — Arzuwyñ wysal,
Eger töleseñ galyñ!
Diýdim: — Durmuş gurmaklyk
Galyñsyz bolmaýarmy?!
Diýdi: — Nepes döwri däl,
Mugt baryp, akmak barmy?
■ KRANDYÑ UMYDY
Beklemegi
Undupdyrlar krandy:
«Ýapar ýaly adam ýokmuka?!» diýip,
Umyt bilen töwerege garandy.
Hemra ŞIROW. Goşgular