Ýürege düşdi
Ýürege düşdi
 Bir adam sazanda tabşyrdy oglun: 
 (Çagalykdan gowy dostdular olar) 
 — Eger tälim alsa, ýanyñda ýaşap, 
 Belki, seniñ ýaly sazanda bolar!
 Sazanda oglang syndan geçirip, 
 Diýdi: — Hakykaty aýtsam-a ýakmaz. 
 Ýöne welin, men aýtmanam biljek däl: 
 Mundan daýhan çykar, 
 Sazanda çykmaz.
 Saz adam saýlaýar, 
 Saza baş goşýan 
 Owalda ýörite doglan bolmaly! 
 — Özleşdirse gerek, öwredip bilseñ, 
 Biziñkem-ä erjel oglan bolmaly!
 Her näme-de bolsa şägirtlige al, 
 Oglumy sazanda edesim gelýär. 
 — Ýüregedüşdiden añyry geçmez! 
 — Ýüregedüşdini öwrense bolýar!
 Oglan gaýdyp geldi köp ýyllardan soñ, 
 Saz çaldy, 
 Sazyna il-gün gülüşdi. 
 Atasy sorady: «Bu niçiksi saz?» 
 Ogly jogap berdi: «Ýüregedüşdi!»
Hemra ŞIROW. Goşgular
