|

Uçýan haly

Uçýan haly UÇÝAN HALY

Ol uzakdan –
Ertekileň ýurdundan
Uçup geldi,
Geldi biziň günlere.
Alkyşlady serpaý ýapdy özüne,
Ganat berenlere, –
Döredenlere.

«Mundan beýläk hasam gözel borsuň sen,
Mundan beýläk artar seniň badyňa»
Diýip, halkym oňa öý tutup berdi
Edil ortasyndan Aşgabadymyň.

Ol öýde her günde aýdym döredi.
Her günde eşidildi täze bir mukam.
Ýürekden,
Reňkden jahana inen
O mukamy diňlemedik barmykan?!

Ýokdur…
Muňa güwä geçer her adam,
Nepisdir
Tapaýmak kyndyr oň taýyn.
Aşyk göze öwrüldi her dogan Gün,
Onuň tarypçysam artdy günsaýyn.

Dünýäň dört taýyndan çakylyk ýagdy,
O bolsa özüni hasam taraşlap,
Pelpelläp asmanda uçup başlady,
Ganat beren Aşgabady alkyşlap.

Uçdy ol Londona,
Uçdy Pariža,
Bir Berlinden çykdy, bir-de Kairden.
Özüne hakyky hyrydar tapdy
Belgraddan, Pragadan – bar ýerden.

Uçdy gara gaşly owadan gyzlaň,
Uçdy güler ýüzli täsin gelinleň
Beýik sungatynyň waspyn ýetirip,
Baglap goýdy gözlerini görenleň.

Haýran etdi,
Häki bir haly däl-de,
Gudratdy ol.
Synlanlaryň barysy
Bir myş-myş ýaýratdy älem-jahana:
«Ganatlymyş Aşgabadyň halysy…»

Dogry söz,
Uçýar ol,
Ertirem uçar,
Onuň alny-bagty bolar has zyýat.
Çünki oňa baky gürsüldäp duran
Ýürek berýär,
Ganat berýär Aşgabat! 

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle