|

Dörärmiş ärler

Dörärmiş ärler DÖRÄRMIŞ ÄRLER

Bu çarhypelegiň goýnunda ynsan,
Begenje, gynanja, toýa, ýasa ýar.
Ýaşamaklyk üçin çekilse zähmet.
Kimler zähmet çekmek üçin ýaşaýar.

Borjy saýyp halka etmegi hyzmat,
Enem diýip topragyna togaply,
Öňde-soňda hasabyny ýöretmän,
Iş ederm-iş edermiş sogaply.

Allaň beren üşügine gol berip,
Ýagşyny, ýamany bilermiş saýlap,
Al saljaga al saldyrman, al salman,
Durmuşyň keşgini gezermiş boýlap.

«Ynsanyň alasy içinde» bolsa,
Rüstem gelmez ýaly haramlar-harlar,
«Maňa zat gerek däl, ýagşy at gerek»
Diýipler her haçan döränmiş ärler. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle