| | | |

Köne kitap

Köne kitap KÖNE KITAP

Toýa çagyrdylar köne kitaby,
Tutumly toýa.
Sary gaçan penjegiji tapdy ol
Aýlanyp öýe.
Başyna şypyrma telpejigini,
Aýagyna köne köwşüni geýip,
Hasasyny alaga-da goluna,
Ugrady nirdesiñ toý jaýy diýip.

Bärden baranyndan basyldy howy,
Myhmanlañ üst-başy gowudan-gowy.
Bezemen eşikli
Powest,
Romanlar
Sahaplaryn güjeñleşip otyrlar.
Bir gyrada
Haly düşek üstünde
Poemalar
Tirsekleşip ýatyrlar.

Hersiniñ döşünde
Medaldyr baýrak.
Köne kitap üst-başyndan utanyp,
Çekildi gaýrak.
«Bu bolşuña toýda nä körüñ bardy?!»
Diýip, käýindi ol özi-özüne.
Eger toý eýesi görmedik bolsa,
Gaýtsa-da gaýdardy derrew yzyna.
«Duz datman gitmeklik gelşiksiz bolar…»
Egnin ýygryp, ýerleşdi ol bir çetde.
Kaşañ geýnen myhmanlara berdiler —
Powestlerdir
Romanlara berdiler
Ilki sözi elbetde!

Mahabatly sözläýşini olaryñ!
Awtorlaryn ýeserlikde öwdüler.
Biri jildin,
Biri sahabyn magtap,
Toýuñ ünsün özlerine sowdular.

Teýahyr söz ýetdi köne kitaba,
Ýaýdana-ýaýdana turdy ýerinden.
«Toýa geläýipdir makulatura!»
Gülüşdiler ony görenlerinden.

Jany ýanyp,
Ýüzlendi ol mähellä:
— Haýyş edýän,
Diñläñ meni gülüşmän!
Siziñki deý baýragymam ýok meniñ,
Üst-başymam siziñki deý tämiz däl,
Ýöne okalýaryn gollardan düşmän…

■ ROMANLARYÑ GÜRRÜÑI

— Bu günler görneñok-la?!
Diýdi romana roman.
— Tankytçy tankytlansoñ,
Ýatdym kän gün ýaraman!

■ EZRAÝYL BILEN ŞAHYR

— Kazañ doldy, häzir borjum bitirip,
Soñky haýyşyñ nä?
Diýdi Ezraýyl.
— Söýgi hakda şygyr ýazyp otyryn,
Şony soñlanymsoñ öldürseñ kaýyl.

■ GÖÇE-GÖÇLÜK

Kitaba diýdi kitap:
— A-how, kärdeş,
Niçik tap?!
— Gowy däl,
Goñşym roman
Ýer ýoguna garaman,
«Meniñ dowamym» diýip,
Täze kitap getirdi.
Onsoñ hojaýyn meni
Başa tekjä ötürdi.

■ ULY ŞAHYRYÑ ÖWÜDI

Hem hupbatly, hem uzak
Ýol jigim, Poeziýa.
Diýdirýändir kän gezek:
«Dönsemmikäm yza ýa?!»

Eger seniñ ynamyñ
Gowşak bolsa özüñe,
Arryguñy gynama,
Dolan derrew yzyña!

Eger seniñ ynamyñ
Pugta bolsa özüñe.
Parnas atyñ jylawyn
Bek tut, çap ümdüziñe!

Eýerde bek oturyp,
Çapyp başarsañ gaty,
Abraý atly baýraga,
Ýetirer Ylham aty.

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle