| |

Näzenin tilki

Näzenin tilki NÄZENIN TILKI

Allegorik degişme

Tanaýaryn bir näzenin tilkini,
Ol örän eýjejik, owadan tilki.
Eger ýolda-yzda gabat gelseñiz,
Meniñ sözlerimiñ rastdygna belki,
Özüñizem magat göz ýetirsiñiz,
Üst-başy uçursyz tämizdir-tämiz!
Beýle tämizligi men-ä görmändim,
Aý ýok, sizem gören dälsiñiz heniz!

Ýöreýşi-de degýär onlarça tilkä,
Keseden syn etseñ gadam urşuna.
Ýerin gaýmagyny bozman barýandyr,
Sallanjyrap näz-kereşme durşuna!
Salamlaşýar gabagyny galdyrman,
Ol hemmä mähriban, ol hemmä eziz,
Men-ä beýle asyllylyk görmändim,
Aý ýok, sizem gören dälsiñiz heniz!

Assa basyp geçip giden ýerinden
Günuzyn aýrylmaz atyryñ ysy.
Göriplikden ýaña ony görende
Dodak çöwürýärler tilkileñ käsi.
Gelişjek ol kaşañ-kaşañ köşklere,
Has gelişjek berseñ ýanyna keniz.
Beýle tämizligi men-ä görmändim,
Aý ýok, sizem gören dälsiñiz heniz!

Bolmaz diýleni çyn bir kemsiz gözel,
Wah, nätjek-dä, bir ýetmezi bar onuñ.
Diýsem dili bilen söýýän ýigidiñ:
«Şeýle aldawçy ol däl çakyñ-çeniñ!
Erte-erte diýip, aldap ýörmänjik,
Razylygyn berse, toý tutmakçy tiz!
Beýle aldawçyny men-ä görmändim,
Aý, ýok, sizem gören dälsiñiz heniz!»

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle