|

Hindi kinosy

Hindi kinosy HINDI KINOSY

Köpden bäri hindi kinolaryna
Bagyşlasam diýýän birje şygrymy.
Henizem ýadymda oglankam görlen
«Baju-Bawra»,
«Jenap-420».

«Hindi kinolaryn köpräk getiriñ!»
Ýalbarardyk kinoçymyz Aryba.
Ýolda-yzda hiñlenerdik ses goşup:
«Men barýaryn Bombeýe,
Iş tapylmaz meñ ýala,
Tapylmasa nädeýin
Özüm ýaly garyba!»

Etrabyñ çägine hindi kinosy
geläýdigi eşidilerdi şo bada.
Kartma-kart gatnadyp,
Hökman şol gije
Görerdiler ony üç-dört obada.

Ol döwürde jeññellikdi töerek
Obalañ arasy yrakdy-yrak.
Kino kartlaryny gatnadýan adam
Görnerdi gözmüze Göroglyçarak.

Aýallar-a aglap için egserdi,
Bozulardy hatda käbir erkekler…
…Hindi kinosy bar sesin eşitsem,
Aglanym ýatlaýan menem entekler:

Jahyllyk döwrümdi. Görüp «Sangamy»
Saklanyp bilmändim, dostlam gülşüpdi.
Añansoñlar meniñ yşkdan ýanýanym,
Neçüýn aglanyma olar düşüpdi.

Hindi kinosyndan şu setirleri
Umyt bilen gowşurypdym bir gyza:
«Meñ söýgime dagam erär,
Meñ söýgime daşam erär.
Irde-giçde señ kalbyñda
Maña bolan söýgi dörär!»
Hut guýa gaçana dönüpdi hatym,
Ýagşy-ýaman jogap almandym yza.

…Hol gün gördüm ýene hindi kinosyn,
Kinoñ ady başga,
Waka ozalky:
Ezýän hem ezilýän,
Söýgi, aýralyk,
Ýanbermez aklawjy
Goldaýan halky.

Nämüçindir indi öñküler ýaly,
Aglasym gelenok, awanok bagrym.
Belki, duýgularym kütelişendir…
…Garaz, ýazdym niýet edinen şygrym…

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle