|

Arheologyñ jogaby

Arheologyñ jogaby ARHEOLOGYÑ JOGABY

Gadymýeti —
Ata-babalañ ruhun
Birahat etmäge hukukly kişi,
Hut gören deý belli tupanun Nuhuñ,
Paý-pyýada aýlanan deý geçmişi
Derwüş sypat arheolog bir gezek
Diýdi: «Gazyp gördüm men daş asyryn,
Demir, bürünç asyrynam gazdym men,
Ýatyr eken köp syrlary basyryp…»
«Biziñ asyrymyz nähili asyr?»
Diýip sowal berdim,
Oýlanyp uzak oturansoñ diýdi:
«Gybat asyry…»

* * *

Guşkelle çagalar köpelip barýar,
Goşup bilenoklar ikini-ikä.
Diýdirýärler: «Bulañ başlaryndaky
Zeýkeş balygynyñ beýnisimikä?»

Adamdan maýmyna öwrülip barýar
Gözmüziñ alnynda ogul-gyzymyz.
(Esassyz howpurgap ýören bolmaýyn?)
Eý Tañrym,
Şularmy biziñ yzymyz…

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle