Men bir biten bag bolsam
Men bir biten bag bolsam
MEN BIR BITEN BAG BOLSAM
Men bir biten bag bolsam
Alma bolsam nar bolsam
Miweli hem saýaly
Boljak bolup ulalsam
Miwämden ýoljak bolup
Ösüp barýan çagalar
Elleri gergenekli
Asylsalar şahamdan
Şum ajala diýjek men
Çagalaň bagty üçin
Häzir tutma ýakamdan.
Men bir uly bag bolsam
Saýaly çynar bolsam
Gol atan şahalarmyň
Gaýymlygna guwansam
Gurbanlyk gelýär diýip
Garap duran maýa gyz
Sallançak uçjak diýip
Tanap assa şahamdan
Şum ajala diýjek men
Maýalaň bagty üçin
Häzir tutma ýakamdan.
Men bir biten bag bolsam
Akar suwuň boýunda
Sowuk kölege bolsam
Ýolagçylaň ýolunda
Ýylyja howa bolsam
Gyşyň aňzak gaýynda
Peçlerne odun bolup
Ýansam iliň öýünde
Üşänler çoýunsalar
Köz edilen şahamdan
Şum ajala diýjek men
Tutjak bolsaň tutuber
Indi meniň ýakamdan.
Musa GYZYLJA. Goşgular