Watana ybadat
Watana ybadat

Watan diýip, jana girýär bu ömür,
Aglanylsa, Watan üçin aglanýar.
Watan diýip, gana girýär bu ömür,
Watan diýip, jiger-bagyr daglanýar.
Watandadyr ähli umyt-arzuwlaryñ,
Watandadyr seýranlaryñ, düşlegiñ,
Watandadyr bu dünýäde barlygyñ,
Gökde ganat ýaýar hyýal guşlaryñ.
Watanyñ ruhunda söýginiñ güýji,
Watanyñ Tugunda aryñ-namysyñ.
Watanda joşýandyr ylhamyñ möwji,
Watan bilen aýdym-gazal, namasyñ.
Baky düşlegiñdir sürlen meýdanlar,
Ho-ol syrdam agaçlar başda penañdyr.
Gözbaşyñdyr eli pilli daýhanlar,
Munda pyşyrdylañ yşky senañdyr.
Watanyñ päkligi — Arşyñ ak gary,
Şu topraga rehmet nurun seçelär.
Watan kimiñ yşky, kimiñ ykbaly,
Mähribandyr ýol-ýodalar, köçeler.
Juda mähribandyr çöldür beýewan,
Deñiz-derýa, daglar-düzler, sähralar.
Söýgüsiz dünýeler elhenç! (Eý, aman!),
Watan keşbi baky gözüñde galar.
Watan diýip, dünýä geldim sapara,
Bu toprakda ýaşan soltandyr, begdir.
Jismim, janym şu düzlere sadaga,
Bir gysym topragy janymdan ýegdir.
Dünýäde bir jennet roýy bar bolsa,
Uçmahdan zyýada — Watan jemaly.
Jebis il, başynda Arkadag barka
Baky owazlanar Watan senasy.
Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. Goşgular