Aýy dagynda tutulan aýy
Aýy dagynda tutulan aýy
«Öz аýagy bilen gelen aýynyñ gözünden başga aýby ýok».
Gijäñ ýary çagynda
Aýylaryñ dagynda
Aý nur saçýardy.
Ýadaw aýagyn süýräp,
Elin dyzyna diräp
Biri gaçýardy.
Aý barha peselýärkä
Ýeliñ sesi gelýärkä,
Gijäniñ ýary,
Ýykylyp-sürşüp, haşlap,
Barýar goşlaryn taşlap,
Günbatar sary.
Krymyñ asmany pes,
Ýyldyzy etmezden ses
Ýanýar lowurdap,
Ýelden agaç ýaýkanýar,
Gara deñiz çaýkanýar,
Tolkun şowurdap.
Gans gara der saçyp,
Barýar ol dogry gaçyp,
Aýy dagynda.
Dost-ýary tutulan,
Birje «Gans» gutulan
Gije çagynda.
Gabyr töwerek-daşlar,
Garantgy dek gür haçlar
Haýsy ýan gaçsa
Halsyz ol, ýuwaş ýörýär,
Sowuk ölümin görýär
Gözlerin açsa.
Gabapdyr daşyn öli,
Olaryñ etsiz eli
Oña sozulýar.
Öñ ölen dosty-ýary —
Ine, ýatyrlar bary,
Keýpi bozulýar.
Haçlar diýýär: — Bäri bak!
Gansa açýar gujak,
Çagyryń ony.
Diýýär: — Gaçma boş ýere!
Pena bolmaz dag-dere!
Tutarlar seni!
Süýnüşip gür mazarlar
Bürenşip sowuk garlar
Gijäniñ ýary.
Garañkyda garalyp,
Gazanan ýerin alyp
Ýatýarlar bary.
Duýýar tutulmak çetin
Gaçyryp ganyn-petin
Gussalar çekýär.
Käte hem öýün ýatlap,
Ýalandan göwün şatlap,
Bolsady ekýär.
Goýy garañka çümüp,
Gür sag tokaýna sümüp,
Gans tiz ýitdi.
Aýy dagyñ üstünde
Gür agaçlañ astynda
Ol gözden ýitdi.
Partizan çozan zaman
Birjw Gans «sag-aman»
Gaçyp gutuldy.
Gijäñ ýary çagynda
Aýylaryñ dagynda
Ol hem tutuldy.
— Bu dagyñ geldi özi,
Aýyply diñe gözi,
Diýip güldüler.
Gansa aman-zaman
Bermän iki partizan
Sürüp geldiler.
Rehmet SEÝIDOW. Goşgular