Gözýetim
Gözýetim
Geçdi sanalgy gün, sagadym ýetip,
Barlykda barlygym bolansoñ ykrar.
Ene mähri siñen gundagda ýatyp,
Ulaldy,
Kemala geldi bir ykbal.
Miwe bolmak pyntygyñ gözýetimi,
Göreş ýollarydyr bolan aralyk.
Uly bolmak çaganyñ gözýetimi,
Göreş ýollarydyr bolan aralyk.
Saldanly ýyllaryñ münüp gerşine,
Geçdigiçe ömrüñ uly ýodasyn.
Çagalygmy ýigitligme çalyşyp,
Berjaý etdim durmuşyñ ber kadasyn.
Göreşlerde duýdum durmuş lezzetin
Gije ýalna, gündiz tüssä eñmedim.
Berende şu güni düýnki gözýetim,
Ertämiziñ aýdymyny diñledim.
Ne ajaýyp erteleriñ aýdymy!
Süýr depäme täç edinip götärin…
Gowşaklyk buz bolup taýdyrsa meni,
Ynamy çüý edip ädim ädýärin.
Maksadym Ýer ýüzün gülledip gitmek,
Ýag ýaly ýumşatmak bolşun göwünleñ.
Eýsem erteleriñ hyzmatyn etmek
Wezipesi dälmi şu günki günleñ?
Abdyreşit TAŞOW. Goşgular