Berýoza tokaýynda
Berýoza tokaýynda
Niräñe seretseñ gaýmak berýoza,
Aklygyñ içine çümeniñ aýdyñ.
Içlerini döküp olar her ýaza,
Topraga bezegdir, şahyra — aýdym.
Ýapynyp asmanyñ mawy ýaglygyn,
Bedenin sypadýar göçgün şemala.
Ýazda berýozalar undup baglygyn,
Sülmüreşýär gyzlar ýaly hamala.
Berýoza topragyñ ap-ak arzuwy,
Bedeniñe kümüş suwy çaýylan.
Astynda ýar bilen duşuşsañ gowy,
Päk duýgular göwünlere ýaýylar.
Bedenine siñen nury Aý, Günüñ,
Şiresini döker synasyn ýaryp.
Nygtap aklygyny rus göwnüniñ,
Süýde çümen ýaly durlar akjaryp.
Berýozalar boýna müñ şelpe dakyp,
Rus topragyna bezeg, ýaraşyk.
Birmahallar giden ýoluna bakyp,
Durlar Sergeý Ýesenine garaşyp.
* * *
Ýetişen gyz deýin joş urýar bahar
Tikýär sährañ gül keşdeli begresin.
Ýyldyrym deý ýüwrük keýigi görüp,
Şöhleler sypaýar mahmal sagrysyn.
Gundagyndan çykyp gyltyz gyrtyçlar,
Ýere berýär gyşdan alan ýaşlygyn.
…Ýagyş bolup inýär lemmer bulutlar
Kyn görüp sähradan arañ daşlygyn.
Aşyrguly BAÝRYÝEW. Goşgular