| |

Sen dünýä ineñde

Sen dünýä ineñde

SEN DÜNÝÄ INEÑDE

Sen dünýä ineñde
                    juda az galdy,
Telpegimiñ bulduñ deñne ýeterne.
Tost göterdik,
Ajap sözler agzaldy,
Goşduñ meni atalaryñ hatarna.

Sen dünýä ineñde
                             üýtgedi älem,
Bir pursat özümi duýmadym özüm,
Aý ak şöhle bilen iberdi salam,
Ýyldyzlar guwanşyp gypdyrlar gözün.

Sen dünýä ineñde
                              adaty bir ses,
Gulagymda aýdym bolup ýañlandy.
Zürýatsyzlar ony etdiler höwes,
Kakañ bolsa şygyr düzüp hiñlendi.

Sen dünýä ineñde
                             giñiş öýmüzi,
Toýuñ şagalañna püre-pürlediñ.
Mertebe tagtyna mündürdiñ bizi,
Durmuş akymymy çäksiz durladyñ.

Sen dünýä ineñde
                              özümi gördüm,
Atalyk borjumyñ gymmatyn duýup,
Ömrümiñ öñünde hasabat berdim
— Ýaşaýşy otuz ýaş ýigdeltdim — diýip.

Abdyreşit TAŞOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle