|

Dünýäniñ

Dünýäniñ DÜNÝÄNIÑ

Wepadar uz gelinleri,
Gyzlary söýgi dünýäniñ.
Ähli zada baha kesýän
Güýzleri söýgi dünýäniñ.

Pugta düwülen ýumrugy,
Aýasy söýgi dünýäniñ.
Günleriniñ ýaz güneýi,
Saýasy söýgi dünýäniñ.

Ýyldyzly, Aýly gijeler,
Owadan gyzy diñlärin.
Asmany, zemini bilen
Özi çyn söýgi dünýäniñ.

* * *

Jana-jan dostumdy,
Gitdi dünýäden,
Gitmänkä başyndan ýigitlik ýazy.
Ajala aldyryp ýaz ýaly ýigdi,
Ýaz ýaly ömürden ýitirdik ýazy.

Şonda bildim ajylygyn ajalyñ,
Hem bildim durmuşyñ süýjüligini,
Owal-ahyr bizi ýaşadýan zadyñ —
Bildim bu dostlugyñ güýjüligini…

Indi öýlerine barmak ýeñil däl,
Indi öýlerine barmazlyk agyr.
Barsam — enäñ derdin gozgaýan ýaly,
Barmasam — iýýän dek ýüregniñ ýagyn.

Aşyrguly BAÝRYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle