|

Ýetimiñ oýlary

Ýetimiñ oýlary ÝETIMIÑ OÝLARY

I.

Ýetimligiñ kyn derdini,
Bu durmuşyñ ýollarynda
Göterdi ata gerdeni,
Ykbalymyz gollarynda.

Ine, agzym ýetdi aşa
Ýöne burnum ganamady.
Muşakgat ýagmady başa,
Durmuş beýle gynamady.

Ýetimdirin, it bolmadym,
Ýigit çykanlygym hakdyr.
Öz ilimde ýat bolmadym,
Ilden aýry bagtym ýokdur.

II.

Ene bolup, ata ornun tutýan köp,
Ata bolup, ene ornun tutýan az.
Atam, şol azlaryñ biri bolupdyñ.
Ajal kalbymyzda goýanynda yz.

Ata bolup başymyzy sypasañ,
Ene bolup, basdyñ bizi bagryña.
Köp atasumagyñ edişi ýaly,
Gidibem bilerdiñ halan ugruña.

Gözmonjugy ýaly dört jigerbendiñ
Zar etmejek bolup, asla hiç zada.
Ýaş bolsañ-da, şindi, atam, şol ýyllar,
Köp eşretden eliñ çekdiñ dünýäde.

Gaýgyñam biz bolduk, şatlygyñam biz,
Eneli çagadan kem ýermiz ýokdy.
Hem ene, hem ata mährine ýugrup,
Öz bagtyñy bize goýanyñ hakda!

Aşyrguly BAÝRYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle