| |

Öñräk aýtmazlarmy / satiriki hekaýa

Öñräk aýtmazlarmy / satiriki hekaýa ÖÑRÄK AÝTMAZLARMY

Öñräk aýtmazlarmy / satiriki hekaýa

Dellekhana. Ussa ýerinde ýok. Bir aýal eli esgili içerini süpürişdirip ýör. Saç-sakgaly ösen müşderi eli çemedanly içeri girýär.
— Daýza, ussa ýokmy?!
— Wah, hanym, saç-sakgal bejerilýän senedi işledip bolanok-da. Rozetka sandan çykypdyr, ýöne ýalyn çabrap dur. Sen gaýtdajyk ertir geläý, hanym.
— Gaýtmarys, daýza.
— Barybir işiñ bitmez. Rozetka döwük.
— Men özüm montýor ahyry. Toga gezek galsa bir zat ederis.
— Wah, rozetkany açyp, remont eder ýaly, näme, bizde taýyn rezin ellik, otwertka, izolenta barmy diýsene.
— Ählisi özümde bar. Ynha, şu çemedanjygymda göterip ýörün-ä. Men işden gelýän ahyry. Gaýtam, sebäp bilen ussanyñ saç-sakgal bejerýän senedini hem zawoddan çykma edip bereýin.
— Wah, saç-sakgal bejermek añzat zatdyr öýdýäñiz-ow. Gelenleri oturdaga-da şar-şur edäýmeli zatmyka. Dellekhana köp zatlar bilen aýlanýar, hanym. Bu-da bir uly kärhana ýalydyr.
— Daýza, başga näme gerek. Diliñiz gymyldasa armanym ýok, häzir nagt edeýin.
— Düýn ussa gaýçymy, päkimi çarha tutdurmaly bolupdyr diýýädi. Sen gaýdyber. Dyzmaçlyk biken iş bitmez. Kesmeseñ ganamaz, bally.
— Daýza, ganaýanda-da, ynha, şu çemodanda ýod bilen pamyk bar, täp-täzeje gaýçy bar. Başy bilen bagyş edeýin.
— «Kesmeseñ ganamaz» diýenime düşünmediñ-ow. Päki kütek bolsa ýöne gözüñden ýaş paýrar durar-da.
— Daýza, päkem taparys. Ýañy magazinde göräýdim. Satyn aljak-da geläýjek.
Müşderi gitjek bolýar.
— Ynha, pulam bar. Minneti şundan çekäýjek. Bir üçlük jähennem.
— Dur, bally. Ýüregiñi eliñe alyberme. Ähli zat bolaýanda-da ussa ýok, ussa.
— Ussa-da tapyp getireýin. Öñ dellek bolup işlän dostum bar. Häzir ol aýakgap remont edýär. Eline ine, şu bäşliklerden birini bererin weli, böke-böke geler.
— Han ogul, görýän weli, seniñ iñ ownuk puluñ üçlük eken-ow. Saña gaýtargy bermäge bölek pulumyz ýok. Sen, iñ gowusy, gaýdyber.
— Daýza, men gaýtargy aljak däl ahyry.
— Wah, beýtjegiñi öñräk aýtmazlarmyñ. Aşot, gel tizräk, müşderä hyzmat et.

Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle