Keýmir babamyñ
Keýmir babamyñ
Owazadar bolup älem-jahana,
Öz iline hökmi ýörän rowana,
Gazabyñdan ganym geldi amana,
Keýmir atly sahypkyran geçipdir.
ZENUBY
Ak sakgal gojalar söhbet açanda,
Danalar, gerçekler, joşup göçende,
Ruhy diri bu dünýäniñ göçünde —
Ilimiñ gerçegi Keýmir babamyñ.
Adybegiñ ogly Görogly atam,
Atanýaz han, Alp Gazan hatyram,
Hanlyk derejesi on bir arkadan —
Düýegöz dowamy Keýmir babamyñ.
Akyl, gaýrat, paýhas bile jemlenen,
Tutan işi il içinde oñlanan,
«Duşmanyna aždar bolup towlanan»,*
Ýollary dogrudyr Keýmir babamyñ.
Ýasman bilen Saltyk atalar seri,
Çonak batyr bolar onuñ pederi,
Hyratda Antguýy dogulan ýeri —
Garagum galkany Keýmir babamyñ.
Kesgir gylyç, ýiti zehin, halat bar,
Mazlumlara, ulus-ile howandar,
Ýigreneni sütem edýän hökümdar —
Adalat eýesi Keýmir babamyñ.
Gözel ilim gul etmegiñ kastynda,
Nedir** gitdi galyp arman astynda,
Ugurly han otyr külüñ üstünde,
Mertebesi belent Keýmir babamyñ.
Tanalandyr Eýran, Turan, Yrakda,
Dilleri dogada, kalby sogapda,
Togsanda amanat tabşyran Hook-da***
Çonaklar tiresi Keýmir babamyñ.
12.02.87
Orazguly ANNAMYRADOW. Goşgular