|

Süleýman pygambere Bylkysyñ tagtyny kim getirip berdi?

Süleýman pygambere Bylkysyñ tagtyny kim getirip berdi? SÜLEÝMAN PYGAMBERE BYLKYSYÑ TAGTYNY KIM GETIRIP BERDI?

Hüthüt aýdar: «Ilçiýem,
Süleýmana sawçyýam…
Magtymguly Pyragy.

Süleýman pygamberiñ (a.s) habarçy guşy hüthüt Bylkysyñ görüşmek üçin gelýändigini habar berdi. Hezreti Süleýman halkyny ýygnap, olara:
— Jenaplar! — diýdi. — Melike we adamlary boýun sunmak üçin huzurymyza gelmänkä, haýsyñyz onuñ tagtyny şu taýyk getirip biljek?[1] Sebäbi olar bize boýun sunansoñ, biziñ bilen ylalaşyga gelensoñ onuñ tagtyny almagymyz gelşiksiz bolar.
Güýç-kuwwatly we garadangaýtmaz jynlaryñ biri Süleýmana:
— Sen oturan ýeriñden turýançañ, men o tagty saña getirip bereýn — diýipdir. (Muny aýdan jynyñ ady Amr eken. Süleýman pygamber (a.s) günortana çenli kürsüsinden turman döwlet edara işleri bilen meşgullanardy). Soñra ol sözüne dowam edipdir: — Sebäbi men muny birkemsiz ýerine ýetirip biljek güýje we ukyba eýe. Özem tagtyñ merjen, jöwher, zümerret, altyn-kümüş bezeglerine elimi degirmejegime size kepil geçýärin.
Jynyñ çakganlygyna söz ýokdy. Ol gözýetimiñ iñ soñky nokadyna çenli baryp bilýärdi. Şonuñ üçin ol pygambere: «Men gözümiñ görüp bilýän iñ soñky nokadyna çenli baryp bilýärin we onuñ tagtyny saña getirip bilýärin» diýdi.
Hezreti Süleýman: «Maña mundanam has çalasyn gidip geljek biri gerek» diýdi.
Köpçüligiñ içinden ylahy hikmetlerden habarly bir kişi:
— Men Rebbime doga edip, arzymy Oña aýdaryn. Rebbimiñ kitabyna bir göz aýlaryn we göz açyp-ýumasy wagtda ony saña getireýin — diýdi.[2]
Käbir tefsirçileriñ pikirine görä bu ýerde agzalýan «ylahy hikmet» — Allanyñ ismi-agzamy (ýagny ady) bolup, ol at «Ýa Haýý, Ýa Kaýýumdyr.
Onuñ ady Asaf ibn Berhiýady. Ejesiniñ ady Batura, özü-de Ysraýylogullaryndandy. Ol Allanyñ Ismi-agzamyny — iñ belent adyny bilýärdi. «Göz açyp-ýumasy salymda» sözi «gözüñe görünýän in uzakdaky zat saña gelýänçä…» diýen manyny berýär.
Hezreti Süleýman oña:
— Muny edibilseñ seniñ bilegiñ bükülmez. Bardy-geldi oñarmasañ welin, meni ynsyñ-jynsyñ patyşasy halyma jynlaryñ diline düşürersiñ — diýdi.
Asaf ibn Berhiýa ýerinden turup täret kyldy, Hudaýa sežde etdi we Ismi-agzamyny okap, ýagny, «Ýa Haýý, Ýa Kaýýum» diýip doga etmäge başlady…
Aly ibn Abu Talybyñ (r.a) şeýle diýendigi rowaýat edilýär:
«Ismi-agzam okalyp doga edilende, Allanyñ gönüden-göni kabup eden we hajat dilenende hökmany suratda berilýän atdyr. Bu at «Ýa Züljelaly wel Ikramdyr».
Asaf dogasyny okap gutarmanka Bylkysyñ tagty peýda boldy we Süleýmanyñ tagtynyñ gapdalynda ýerleşdi.
Rowaýata görä Bylkysyñ tagty Süleýman pygamberiñ tagtyna oturanda aýagyny goýýan ýerinde peýda bolupdyr. Jynlar tagtyñ gelenini görüp, Hezreti Süleýmana: «Asafyñ tagtyny getirmäge güýji ýetýäniñ Bylkysy getirmäge güýji ýetenokmy?» diýdiler. Asaf: «Eger isleseñiz ony-da getireýin» diýip jogap berdi.
Tagt gelenden soñ Süleýman pygamberiñ buýrugy bilen çüýşeden howuz ýasaldy we suw bilen dolduryldy, içine-de balyk goýberildi. Howuzyñ haýsy tarapyndan seretseñem, suwuñ içindäki balyklar görnüp durupdyr.
Başga bir rowaýat ylahy hikmetli kişiniñ Hezreti Süleýmanyñ atlarynyñ seýisi Dabbe ibn Eddigini habar berýär.
Ýene bir rowaýat bolsa munuñ Hydyr pygamberdigini aýdýar.
«Hezreti Süleýman melikäniñ tagtyny öz tagtynyñ gapdalynda gören badyna şeýle diýdi: «Ynha, bu-da maña Rebbimiñ bir lutfydyr. Bu lutuf şükür ederinmi ýa näşükürlik ederinmi, synag üçindir».
Şeý diýen badyna Rebbine şükür etmäge başlady we şeýle diýdi: «Serediñ, her kim Allaha iman we ytagat bilen şükür etse, hakykatda öz gowulygy üçin şükür etdigi bolar. Kim näşükürlik etse, bir zady unutmasyn, Rebbim hiç kimiñ şükürüne mätäç değildir, ýagny Ol jeza berende gyssanmaz».

____________________________
[1] Seret: «Neml» süresi, 46;
[2] Seret: «Neml» süresi, 47;
[3] Seret: «Neml süresi, 40.

Abdylkadyr GEÝLANY. Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle