Daň ýyldyzy / poema
Daň ýyldyzy / poema

(Poemanyň sýužetine 19-njy we 20-nji asyryň sepgidinde bolan pajygaly bir waka esas edilip alyndy)
Gözel ýazy ýitirip,
Ganat gerip her ýanda,
Ýas eşikli gargalar
Uçup ýörler asmanda.
Olaryň zaryn çykýan
Sesleri misli matam.
Nä günler ötdi başdan
Gowgaly türkmen atam!
Galagoply çal zemin
Gandy çaýkanyp ýatan.
Şaldan geýdi der döken,
Ýüpekden geýdi ýatan.
Kenaryna çykmady
Däli derýaň gomlary.
Aýrylmady kalbyndan
Halkyň gaýgy-gamlary.
Barlylar eşek münse
Bedew bolup çapypdy.
Garyplar bedew münse
Garaklaryn gapypdy.
Gögerýärdi baýlaryň
Kesewiden nahaly.
Ýeňi ýoluk garyplaň
Gyş bolýardy bahary.
Göze bakyp aýdylýan
Sözde ýokdy hakykat.
Yzlasañ ýol ýoda-da,
Yzda ýokdy hakykat.
Ot içinde döreýän
Mähir bilen söýgiden,
Ahmyrly ot çykýardy,
Uçgun alyp gaýgydan.
*****
Ynha, türkmen halkynyň
Gadymy bir obasy.
Çekilýärdi her öýde
Garyplygyñ nalasy.
Şu obaly Atan baý
Dynçdy beýle gowgadan.
Aladasyz dem alyp,
Ýördi dury howadan.
Ençe müňe ýetirdi
Dowarlaryn, mallaryn.
Aga-ýana otlap ýör
Tutup çölüň gollaryn.
Ine, şeýle adamyň
Bardy asylly gyzy.
Alty ganat ak öýde
Atan baýyň ýalňyzy.
Nohta ýaly dört örüm
Saçlaryn öňe taşlap,
Asylly gyz Aýjemal
Otyr tahýa nagyşlap.
Hyýalynda aşygy
Gezim edýär seredip.
Obadaşy şol ýigit
Ýör kalbynda ýer edip.
Olar ogryn duşuşýar
Günde ýa-da günaşa.
Gün gyzaryp batanda
Alkyş aýdýar kuýaşa.
Biri-birne düşünýär
Söz çykmanka dahandan.
Iki arzuw birigýär
Gözler ýiti bakandan.
Yhlasyndan söýginiň
Ýürek syzlan mahaly,
Aýan bolýar arzuwlar
Diller sözlän mahaly.
Otyrkalar bir gezek
Söhbet-söze gyzygyp,
Geçip gitdi bir ýylan,
Aý nuruna tazygyp.
Şo ahwalat gözeliň
Göz öňüne gelende,
Nagyş salýan iňňesi
Ýara goýdy elinde.
Titireýän Aýjemal
Tutdy basym özüni.
Çetde goýup tahýany,
Kakyşdyrdy dyzyny.
Turup, garsa gujaklap,
Ejesiniň boýnundan,
Mährine jaý tapyndy
Mähribannyň goýnundan.
Hawa, gyzyň ejesi
Kökenekdi yzynda.
Kül, örten öz söýgisi
Çoglanypdy gyzynda.
Ak güni az ýyllarda
Orun eýläp gijelik,
Biri-birniň yzyndan
Geçip gitdi tijenip.
*****
Atan baýyň öýünde
Şeýleräkdi ahwallar.
Bu gün sawçy getirdi
Kirşenli gara ýollar.
Aryp gelen sawçylar
Atlaryndan düşdiler.
Öýe girip, halynyň
Üstlerine geçdiler.
Çaýdan-çörekden soňra
Orta nahar aldylar.
Galyñ nyrhy barada
Uly dawa saldylar.
Atan baýa perzent däl,
Diňe baýlyk gerekdi.
Baýlyk-bary oň üçin
Içindäki ýürekdi.
Bir sagadyň içinde
Çözüldi gyz ykbaly.
Baý olary ugratdy,
Dileg edip ak ýoly.
Ertesi ol ýanyna
Aýalyny çagyrdy.
Aýjemalyň ejesi –
Dursun gapydan girdi.
Aýalyna Atan baý
Diýdi: — gürrüň bar saňa.
Terbiýe ber gyzyňa,
Menden buýruk, bar, saňa.
Düýnki gelen myhmanlar
Barly ýeriň sawçysy.
— Onda boldum diýsene
Jigerbendiň awçysy.
– Ýok awçysy däl onuň,
Gözleýän oňa bagty.
Heleý, oňly bolmarsyň
Tersime gitseň gaty.
– Jan kakasy, neressäm
Söýýämiş bir ýigidi.
– Näme diliň çeýneýäň,
Çakýan ýaly çigidi.
Aýt, ýogsam sograryn
Diliň kömekeýinden.
Meniň üçin bary bir,
Dynarsyň öz demiňden.
– Meret agaň ogluny –
Muhammedi söýýämiş.
– Heleý, ýene diýsene
Şoň ugrunda köýýämiş.
Ýeňi ýoluk garyplar
Atan baýyň taýymy?!
Her kim bilip otursyn
Oturmaly jaýyny!
Ýaňkalaşyp durjak däl,
Gep gutardy seň bilen.
Çagyr, hany, gyzyňy,
Indi gürrüň oň bilen.
Gyzyň giren mahaly
Gelme onuň ýanyna.
Aýdanymy etmeseň
Haýpyň gelsin janyňa –
*****
Gözi ýaşly Dursunyň
Sarsyp gitdi ýüregi.
– Bagt kölüne çagamyň
Batjak däl-ow küregi –
Diýip, assa pyşyrdap,
Gapydan çykyp gitdi.
Gözündäki ýaşlary
Gan bolup, akyp gitdi.
Sarsgyn bilen urýardy
Hökümdary kalbynyň.
Görse beýle bolmazdy
Gazylýanny gabrynyň.
Artdyrmasyn neneň ol
Ýüreginiň go:ryny!
Ykbal gözden aýyrjak
Gyzynyň didaryny.
Halanyna gowuşman,
Özi ýaly ýanjakdy.
Kaýyl bolup kysmata,
Ahyrynda sönjekdi.
Ah, maňlaý, gara maňlaý,
Agararsyň haçan sen?
Belki gar dek bolarsyň
Suw seňrikden geçensoň!»
*****
— Jigerbendim, ezizim,
Baryp gaýyt ýanyna.
Kaýyl bolaý kysmata,
Galaýmasyn ganyňa –
– Ölsem, janym eje jan,
Bagtym üçin ölerin.
Diri bolsam jahanda,
Men şonuňky bolaryn –
Baý garaşyp otyrdy
Gelerne Aýjemalyň.
Gönükdirip her ýana
Dürli pikir-hyýalyn.
Gapy ýuwaş açyldy,
Girdi gyz edep bilen.
Dalamakçy atasy
Şerebeli gep bilen.
Agyr kysmat sebäpli
Kalba siňen dert bilen,
Ýören gyzy aglatjak
Şerebeli gep bilen.
Birehim nebisden
Tekge berlen gop bilen,
Gyza naýza urmakçy
Şerebeli gep bilen.
– Haramzada geldiňmi,
Otur, hany, şu ýerde.
Aýyt, kimler bolup ýör
Saňa görüm-görelde –
At-a näme diýmeli?
Aýtmalymy hemmesin?
Gelip baýyň gahary,
Beräýmezmi temmisin?!
Näm bolsa şol bolsuna
Urmalymy ýa bagty?
Gitmelimi Aýjemal
Dünýeden juwan wagty?
Diýse ýigde «gaçaly»,
Tyýkyramaz, elbetde.
Emma, kesel enesi
Kösenmezmi ezýetde?
Atam ony silterläp,
Janyny alaýmazmy?
Görgüli biçäräniň
Ganyna galaýmazmy?
«Neneň-niçik bolsa-da
Bagtdakyny göreýin.
Gaçyp bolmaz kysmatdan,
Niýetimde duraýyn»
Gaharlanyp Atan baý
Bakdy oň görejine.
– Sylamany ataňy
Gidip ýörmiñ kejine –
Iki juwan söýgisi
Güýçlidi hemme zatdan.
Şonuň üçin şeý diýdi:
Gyz çekinmän haýbatdan.
– Tanaýaň Muhammedi,
Meret aganyň ogly.
Belki, Hudaý ýazandyr,
Ykbalym şoňa bagly –
– Kes sesiñi bedasyl,
Gepleme mundan artyk.
Soguraryn diliñi
Şu ellem bilen dartyp.
Hudaý-a däl, meň ýazan
Bagtym bilen oňarsyň.
«Ere» diýsem erärsiň,
«Doň» diýsemem doňarsyň –
– Duzuň bolup eremen,
Buzuň bolup doňmaryn.
Eger ýazgyt bar bolsa
Şol ýigitden dönmerin –
Atan baý sogrup aldy
Gapdalyndan pyçagyn.
Üstünden basyp geçdi
Ortadaky saçagyň.
Tutup gyzyň saçyndan,
Süýredi o ýan — bu ýan.
(Bu bir degişmesidi
Gowgaly-ganly dünýäň)
– Dur, kaka, bir sözüm bar
Ölmezimiň öň ýany.
Ölsem bo:run ýeriñki,
Ölmesemem şoň ýary –
Örän oňat bilýärdi
Gyzyň häsiýetini.
Indi ullanmakçy baý
Hileli niýetini.
Telpegini ters geýip,
Bolup örän başagaý,
Dikdi gözün nokada,
Agyr oýa düşen baý.
Birden gyza bakdy-da,
Diýdi: – Geçir günämi.
Gyzym, indi aňşardym
Sogap bilen günäni.
Düşünmäni hiç zada,
Akmaklyk edipdirin.
Şer gylykly şeýtanyň
Ugruna gidipdirin.
Nähak degip göwnüňe,
Azar beren ekenim.
Haýyr işiň ugruna
Garşy ýören ekenim –
Tüýkülikläp ogrynça,
Gözlerini ölledi.
Mukaddes ata bolup,
Perzendini aldady.
Sada, emma ýürekli,
Eziz türkmen gyzynyñ
Ýüzi ýagtylyp gitdi,
Nury artyp gözüniň.
Atasyna bakdy gyz
Minnetdar gözi bilen.
Ýeke galdy Atan baý
Içdäki sözi bilen.
«Köpeltmeli baýlygy
Diňe baýlyk biläni.
Eli bilen kişiniň
Ullanmaly hiläni.
Örän seresap bolup,
Tapyp oňaý-çemini,
Muhammedi öldürip,
Çekmeli oň gümüni.
Yryp Gully ýetimi,
Düşürmeli yzyna.
Haýsy ata kast eder
Perzendine-gyzyna?!
Ýöne, ilki başda men
Öldürmeli aýaly.
Gyza juk-juk öwredýär,
Belent tutup hyýaly.
Baýyň maşgalasyna
Aralaşmaly ölüm.
Ine, şonda hiç zada
Degmeli däl meň elim.
Çöp atmaly şeýdim men
Iliň görer gözüne.
Şeýle hile-ýol bilen
Gara ýokmaz özüme.
Gije ýatman ýetimek
Ýörsin awyny aňtap.
Hile berjaý bolansoň,
Oň işem bolar aňsat».
*****
Birnäçe gün bolupdy
Öldürlenne Dursunyň.
(Içi milýon gowgady
Geçen günleň hersiniň)
Ýetim galan gözel gyz
Urundy çar tarapa.
Ogryn güldi Atan baý,
Göýä sary alaka.
«Tarpa-taýyn keselden»
Diýip, aldady ili.
Ony bogupdy baýyň
Ganly penjeli eli.
*****
Gije-gündiz ýigidiň
Hyýalynda Aýjemal.
Uçup barýar gözünden
Owadan sahujemal.
Boş dur ençe wagytlap,
Pynhan duşuşuk ýeri.
Möwç urýardy kalbynda
Çyn söýginiň heseri.
Her gün agşam şol ýere,
Ýördi ol baryp-gelip.
Gyzyň oturýan ýerin
Togap edýärdi eglip.
Çal sazagy sypalap,
Syrdaş edýär özüne.
Sežde edýär pürlerin
Sürtüp ýaşly gözüne.
*****
Serin ýassyga goýman,
Başda köp pikir oýlap,
Gezip ýördi Muhammet
Derdiň astynda gaýlap.
Niçik ykbal taparka
Dertli ýigdiň dermanyn?
Agyr zaman çykarýar
Perman üste permanyn.
Aýrylanok ýürekden,
Salan ody armanyñ.
Ýowuz nebis çykarýar
Perman üste permanyn.
Bütün süňňüň titreýär,
Synlap dursaň her ýanyň.
Ganly eller çykarýar,
Perman üste permanyn.
Ýazylandyr maňlaýa,
Agyr günleň jepasy.
Haçan hasyl bolarka
Süýji günleň sapasy?
Gaýgy-gamly Muhammet
Oýlanýar yzyn kesmän.
Döwür gidip barýardy
Sesine gulak asman.
«Satyp ýeke goýnumy,
Oňa sowgat alaýyn.
Ölüm dertli gözeliñ
Gamly göwnün awlaýyn.
Tapylard-a toýa-da,
Oýlamaýyn soňuny.
Şu gün gala gideýin,
Atyrmany daňymy.
Garyp çatma Aýjemal
Gadam basan badyna,
Turup gider ejem jan,
Kesel düşmän ýadyna»
*****
Aralygy, ine-de,
Oba bilen bazaryň.
Otyr ýeri gujaklap
Tokaýlygy sazagy
Alaň-alaň gumlar bar,
Göýä örküji düýäň.
Düşen ýaly bu ýere
Tokaý bölegi dünýäň.
Barýar, ine, Muhammet
Şu tokaýy aralap.
Şat duýgydan eser ýok,
Barýar ýürek paralap.
Ýylpyldaşýar ýyldyzlar,
Garaňkylyk, gijelik.
Serindäki pikirden,
Gidip barýar güýç alyp.
Dünýä hakda oýlanýar,
Hem durmuş barasynda.
Süýji arzuwa çümýär
Pikirleň arasynda.
«Aýjemala öýlenip,
Öý-işikli bolaryn.
Şeýle ajap gözeliň
Gujagyna dolaryn.
Erte bilen saçyny
Özüm darap bererin.
Şeýdip gözel bagtymyň
Hyzmatynda duraryn.
Gulpaklyja bir çaga
Böküp dursa elinde»…
Birden dünýä gapyşdy,
Ysgyny ýok bilinde.
Agyp gaýtdy eşekden,
Düşdi goýnam üstüne.
Göreç göreje ildi:
Çykan adam kastyna.
«Gully dogan, senmidiñ,
Senmidiñ Gully dosdum.
Ikimizem bir garyp,
Barmydy mende kastyň?»
Mejaly ýok diliniň,
Sözler ýürekde galdy.
Aşak gaçdy eňegi,
Ýokluk goýnuna doldy.
Gaýdyberdi talaban
Gömüp ýigdiň meýdini.
Oňa agyr duýuldy
Ädip barýan ädimi.
Senden, eý, zalym dünýä,
Baş çykaryp bolanok!
Jebir bilen jepalaň
Öňi-ardy gelenok.
Diňe baýlyk zerarly
Garybyň güler ýüzi,
Gül dek solup, ýumulman
Gitdi arzuwly gözi.
Gyzyl gana boýalyp,
Gyzyl don geýen zemin,
Haçan ýeter garyba,
Ýaşamak erkin-emin!
Adalatdan terezi,
Hakykatdan çanak ýok.
Pukaranyň arkasyn
Ýelpäp duran ganat ýok.
Garyplaň gamly ýüzün
Açyp duran kamat ýok.
Mahlasy, her işinde,
Şowluk berýän amat ýok.
*****
Gelip ýetdi talaban,
Gün guşluga galanda.
Garşylady baý ony
Gujak açyp dalanda.
Diýdi: – Awuň oňdymy –
Syrtardyp ol dişini.
Gully: – Hawa diýdi-de,
Agras silkdi başyny.
Elin degrip çalaja,
Onuň ýyrtyk donyna,
Kikirdedi Atan baý:
– Ertir gel meň ýanyma.
Wada eden goýnumyň
Berjek saňa hemmesin.
Bile çöle gideris,
Aýdanymy diňleseň.
Saýlap halan goýnuňy,
Oňa bellik edersiň.
Bolar gapyň dowarly,
Myradyňa ýetersiň.
Söz berişim mysaly,
Ak öý tutup üstüňe,
Seni eýe ederin
Çölüň belent-pessine.
Aýjemaly bagş edip,
Nikaňyzy gyýaryn.
Görüp ogul ornunda,
«Oglum» diýip söýerin.
Ölsem meňem döwletim
Geçer seniň erkiňe.
Beýle «aşyk alçysy»
Nesip etmez her kime.
«Ýetimegiň» ýerine,
Adyň Gully baý bolar.
Döwlet gonsa başyňa,
Aýdýan sözüň jaý bolar.
Iki egniň bezärin,
Zerli hywa don bilen.
Gören saňa baş eger,
Yhlas bilen, jan bilen.
Häzir bar-da, külbäňde,
Iýip-içip ýatyber.
Gündüz alyp dynjyňy,
Gije uka batyber.
Talaban däl indi sen,
Boluber otagyňda.
Ertir ýola düşeris,
Gün çäş galan çagynda.
*****
Baýyň aýdan sözleri
Gulla täsir etmedi.
Ümmülmez oý-alada,
Oň başyndan gitmedi.
Nähak gana el bulap,
Adamlygyn ýitirdi.
Ýaşamaly bir ömri
Ahyryna ýetirdi.
Bir adam oň elinden
Gara ýer guçup ýatyr!
Gyrmyzy a:l. ganyny
Töweregne saçyp ýatyr!
Bir adam oň elinden
Gözlerin açyp ýatyr.
Ölümiň awy-zährin,
Binobat içip ýatyr.
Üstüne suw sepilen
Köz kimin öçüp ýatyr.
Bir adam oň elinden
Dünýäden geçip ýatyr.
Ýatyr Gully talaban,
Külbede gözün ýumman.
Serindäki pikirler,
Göýä, bir giden umman.
Ýaşa ezlen kirpikler
Bir-birinden daşdady.
Ýowuz işi-ganhorlyk,
Gözlerinde «keşdedi».
******
Ýarygije serpildi
Külbäň köne kilimi.
Süýşüp geldi duýdurman,
Talabanyň ölümi.
Pişik girendir öýdüp,
Oňa bakmady Gully.
Batly urgy şo mahal
Gursagyndan uruldy.
Atan baýyň şekili
Gözlerine göründi.
Ýowuz tygyň zarbyndan,
Ýürek iki bölündi.
*****
Bagty ýatan gözeliň
Ýaşdy gara gözleri.
Biri ýüzlense oňly
Çykanokdy sözleri.
Gözgynydy oturşy,
Gep-söz bilen işi ýok.
Dertdi öýüň çar ýany,
Bu dünýäde hoşy ýok.
Gurak däldi kirpigi,
Mydam öllenip durdy.
Gara gözleň gabagy
Çişip, ýellenip durdy.
Daralmadyk saçlary,
Düşüp durdy gerdene.
Gam-gussaly göreçler
Bir nokatda dur, ine!
Ilki enäň, ondan soň
Aşygynyň didary,
Gaýyp boldy gözünden,
Yok indi oň mydary.
Bu jahanda gyz üçin,
Hiç gymmatlyk galmady.
Ýaşaýyşyň lezzeti
Gözlerine ilmedi.
Indi näme etmeli?
Sorag indi başyna.
Oňa jogap agtardy,
Garap degre-daşyna.
Indi näme etmeli?
Gaýtalanýar bu serde.
Bir çykalga tapmaly,
Saglyk bolsa egerde.
Indi näme etmeli?
Köp gezek gaýtalanýar.
Göýä, agyr degirmen
Kellesinde aýlanýar.
Hiç bir alaç tapylman,
Nä umytlyk döredi.
Sämäp duran kellesin
Ahmyr bilen yrady.
«Indi meňem dünýäden,
Diri ölüp gidenim.
Enşa Alla men siziň
Yzyňyzdan ýeterin.
Söwer ýarym, jan ejem,
Atam berjek halanna.
Şeýle bolýan ekeni
Ahyrzaman bolanda.
Emma weli, ezizlem,
Başa barmaz islegi.
Ýatar indi öňünde
Öz gyzynyň maslygy».
Ene gitdi, ýar gitdi
Gözün açyp jahandan.
Ýalňyz galdy Aýjemal,
Dişin döküp dahandan.
*****
Öňki gelen sawçylar
Gatnap durdy zygyrdap.
Olar baýyň sözüne,
Amal edýärdi her bap.
Geldi olar bu günem,
Horazlar gygyranda.
Şagallar uwwuldaşyp,
Baýguşlar sygyranda.
Bezenip hem beslenip,
Aljak ýigdem gelipdir.
Gözlerinde gülki bar,
Dünýäň keýpin bilipdir.
Ine, edil şo zaman
Alyp ýagly esgini,
Gözel juwan barýady,
Daşa çykyp gös-göni.
Az mahaldan ýalyn ot
Dökmelidi al ganyn.
Emma, ony tutdy baý,
Işiginde eýwanyň.
– Nirä barýaň bedasyl,
Näme eliňdäki señ?
Doňuzdan önen doňuz,
Haramzada häki sen!
Görýämiň, şol ýigide
Bagtyň çatmaly borsuň.
Ataň aýdanny edip,
Bile gitmeli borsuň!
Ýogsam, ynha, görýämiň
Şu ak saply pyçagy.
Iner seniň başyňa
Ölümiň iň goçagy –
Baý bu sözi aýdanda
Şeýle diýip oýlandy:
«Gyzymyň howalasy,
Bady gaýdandyr indi».
Iki başyn deňlän gyz,
Däl-di baýyň çakyça.
(Häsiýeti-gylygy
Belli eýýam okyja).
– Men özümiň ganymy,
Şoňky bilen garmaryn.
Ýarylsaňam, ölseňem,
Men-ä şoňa barmaryn.
Kalby ýara naçary
Basdylar at öňüne.
Ony äpet aždarha
Dartyp barýar demine.
Esgi dykyp agzyna,
Sesini sem etdiler.
Göýä, daňlyp urlan it,
Agladyp eňretdiler.
Gulaç boýy gara saç
Ýeri sübseläp barýar.
At üstünde nowjuwan
Gözel seňseläp barýar.
Dükürdisi toýnaklaň
Bäsdeş gyzyň kalbyna.
Göni alyp barýarlar,
Aýjemaly «gabryna».
Ýagtylygyň buşlugy –
Dogupdy daň ýyldyzy.
( Ony gören duýýardy,
Gelejekgi gündizi ).
Esli wagt sürdiler
Çägelikde yz goýup.
Atlaryň her ädimi
Gyz kalbyna duz guýup.
Öňe sary barýardy
Böwet bary duýulman.
Saýlanmaly obadan,
Günüň nury ýaýylman.
Muhammediň näbelli
Mazarynyň deñinde,
Büdräp gitdi bedew at,
Başyny silkeninde.
Baý oglynyň göwresi
Düşdi gyzyň üstüne.
Gaýgy oňa öz jany,
Seredenok astyna.
Döwüldi mes ýigidiň,
Goşaryndan sag eli.
Gursagy gapyşan gyzyň
Sallandy näzik dili.
Ýer astynda Muhammet,
Ýer üstünde Aýjemal,
Baky ýumdy gözlerin
Görgüli sahujemal.
Yşkyň iki bendesi
Biri-birin düýnedi.
Muny bedewden özge,
Janly-jandar duýmady.
Bir garyş ene toprak
Aşyklaryň arasy.
Şeýdip wysala ýetdi,
Iki ýürek parasy.
*****
Dünýä ýüzi garaňky,
Garaňkylyk-garalyk.
Ejizleriň maňlaýy
Ýörmelimi garalyp?!
Gözi ýaşly garyplaň,
Ýer kertmeýär sözleri.
Ýetmän arzuw-niýete,
Açyk gidýär gözleri.
Islegleri kül bolup,
Sowrulýar ýel-şemala.
Magsat bilen myrady
Aşaýanok amala.
Iki aşyk göwresi,
Hol-ha, ýatyr süýnüşip.
Bagt gelenok olaryň
Ykbalyna ilişip.
Ene toprak, ene ýer
Bir silkinip oýansa!
Adamzadyň arkasy,
Ýeke şoňa daýansa!
Haýyr polatdan önüp,
Şer sütüni port bolsa!
Garyp göwnüň yzasy –
Baý kalbyna dert bolsa!
Şonda älem düzelip,
Parahatlyk bolardy!
Garyplar dünýäsinde
Rahatlyk bolardy!
…Hyjuw bilen daň ýyldyz,
Parlap galdy asmana.
Ýolun dowam etdirdi
Ak güni gyssamana.
Tamam.
1983 ýyl.
Şyhmyrat ABDYLLAÝEW. Poemalar