Türkmenim
Türkmenim
Türküm, türküm, türkmenim,
Türkmen menem, türk menem.
Ýöne indi öñkim däl,
Maşyn görsem, ürkmenem.
Türküm, türküm, tütjarym,
Öýden çykardym çörüm,
Ýene bir zat öwrendim,
Heleýme diýýän: ”Ýarym”.
Türküm, türküm, tahýalym,
Günüm geçer bol-elin,
Güne biparh garaman
Özüm türkdürin welin.
Ýatsam ýoñsuz ýataryn,
Ýetsem birden ýeterin,
Öz öndüren çagamy,
Ilden ogryn sataryn.
/döwür şeýle nädeýin/
Kakabaşym kakabaş.
Miltiñ bolsa, ýakalaş.
Kakabaşym, bu başym,
Çalyşmaryn başa-baş.
Bapba GÖKLEÑ. Goşgular