Uzak ýollary aşmaly
Uzak ýollary aşmaly
Uzak menzilleri aşyp gelmeli,
Täze sahypalar açmaly bolsa.
Bir güli soldurman sakla bilmeli,
Dünýäñi ýaz edip, geçmeli bolsa.
Ilki şem bolmaly, ody bolmakañ,
Zemine ýagtylyk saçmaly bolsa.
Gadyryn bilmeli, ýady bolmakañ,
Söýgüñe söýgüñi açmaly bolsa.
Çäksiz gujak gerýän asman bolmaly,
Ýyldyz bolup parlap ýanmaly bolsa.
Ilki bilen özüñ adam bolmaly,
Özgelere akyl bermeli bolsa..
Isa HOJAMERDANOW. Goşgular