|

Sen aýtmasañam bilýän…

Sen aýtmasañam bilýän… SEN AÝTMASAÑAM BILÝÄN…

Sen aýtmasañam bilýän...

Añybam otyryn, gidersiñ gaçyp…
Ýalbarmaryn, ylgamaryn yzyñdan
Emma pyşyrdyñy goýup git mende.
Bilibem otyryn, gidersiñ gopup,
Sypalap bilmerin mymyk saçyñdan
Emma gül ysyñy goýup git mende.
Düşünibem durun, gitseñ aýrylyp,
Büdreññeç bolsam-da ýykylmaryn men
Emma elwan reñkiñ goýup git mende.
Duýubam otyryn, gidersiñ ýitip,
Iñ uly hasratym özüñ bolarsyñ
Emma müşk ysyñy goýup git mende.
Üzñeleşip barýan, undar gidersiñ,
Çyrpynýar gurşun deý agyr okean
Emma tagamyny goýup git mende.
Her niçik bolsa-da, bilýän gitjegñi,
Hiç hili hakym ýok sägindirmäge
Emma sen özüñi goýup git mende…

▶ DAR DÜNÝÄ

Yüreğim göwräme sygmaýar,
Göwräm otagma.
Otagym öýüme sygmaýar
Öýüm dünýäme.
Dünýäm äleme sygmaýar
Partlaýmasam…
Hasratymyñ çökderliginden dymýan
Dymmalygym bolsa göge sygmaýar.
Eýse bu hasraty nädip aýtmaly?
Göwnüm daryşganlyk edýär yşkyma
Kellämem beýnime…
Ah, çekgelem çatlap barýar ýene-de
Düşündim, indi düşündim,
Hiç kime düşündirmen…

▶ SÖÝGI DURALGASY

Äht edişen ýerimizde duşuşdyk,
Äht edişen wagtymyzda däl ýöne.
Men ýigrimi ýyl irräk gelip garaşdym
A sen ýigrimi ýyl giç galyp geldiñ.
Men saña garaşyp ýaşym ötüşdi
A sen garaşdyryp ýaşlygña galdyñ…

Terjime eden: © Has TÜRKMEN.

Eziz NESIN,
türk ýazyjysy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle