Nediriñ Osmanly patyşasy bilen şahyrana urşy
Nediriñ Osmanly patyşasy bilen şahyrana urşy
Rowaýata görä, osmanly türkmen patyşasy Nedire bir hat iberip, şonda aşakdaky beýtleri ýazyp iberipdir:
Goşunmyñ sanyny sen biler bolsañ,
Seret ýyldyzlara, sen görer bolsañ.
Osman nesli eger göterse meni,
Pereñ penjesinden gutarsa meni,
Şeýle bir uraryn agyr gürz bilen,
Birbaş gidersiñ sen tä Mazenderan.
Nedir şa osmanly patyşasynyñ bu hatyna jogap hökmünde aşakdaky beýtleri ýazyp iberipdir:
Dañ atanda ertir ýüzüni açyp,
Ýyldyzlar asmandan giderler gaçyp,
Bürgüt gorkmaz baýguş bolsa köp sanly,
Iki ýüz rumla deñ jübt horasanly.
Haýdar nesli berse işime rowaç,
Konstantinopolda dikerin baýdak!
Taýýarlan: Aşyrpur MEREDOW. Goşgular