| |

Söýüň çagaňyzy!

Söýüň çagaňyzy! SÖÝÜÑ ÇAGAÑYZY!

Söýüň çagaňyzy!

Söýüň çagaňyzy!
Söýmekden armaň.
Säherler oýanyp öpüň bir salym,
Eline tutduryp ullakan alma,
Pata berip, uzak ýollara salyň!

Gorkmaň! Olar näçe daşa gitse-de,
Gelerler,
Eşitse çagyrýanňyzy.
Bir dilegim: şatlyk bilen gussada
Oňatlyga ündäň çagalarňyzy!

Utanmaň!
Gizlemäň ýüzleriňizi,
Dymmaklygy,
ýygralygy owradyň!
Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi,
Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň!

Ýogsa käte bilýärisem öňünden,
Emma «Äý» diýýäs-de,
dymýas-da gidýäs:
Ilki dymyp,
geçip onuň deňinden,
Soň
tankyt edere adam döredýäs.

Bu islegmiz däl, perwaýsyzlyk bu,
Islämzok adamyň peselenini.
Ýöne ownuk işde unudaýýarys
Döwrüň
iň agyrly meselelerni.
Synlaň çagaňyzy: işe gümramy,
Ýa-da onuň edýän işi galatmy,
Her haýsy bolsa-da, dymmaň adamlar,
Siz öz söýgiňizde boluň gazaply.

Gurbannazar EZIZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle