|

Gorkut

Gorkut GORKUT

Paýhas çogýar, beýni sorkup,
Takat tapman düňle kalpda.
Boý boýlaýar dädem Gorkut,
Täleý hakda,
dünýe hakda.
Peýmansyz pany penasy,
Dilinde Hakyň senasy.
Goldan-gola,
ýoldan-ýola
aşyp ýör,
Kä haýyra, käte şere duşup ýör.

Haýyr görse gol berip,
Şer görende ýom berip,
Akyl küýsäne akyl,
Don isläne don berip.
Her ädimde haýry Haka gönderip,
Her ädimde Iblis bilen garpyşan,
Şu güne çen geçip alys menzili,
Boýlar boýlap aýdýamyşyn alkyşyn.

Dädem Gorkut – haýyr.
Iblis hem şerdir.
Bu iki güýç dünýe döräp hökümli,
Owal-ahyr ynsan ogullaryna,
Şer iş däl-de, haýyr ýeňse ýakymly.
Kimse gülýär,
kimse bagryn ezip ýör,
Barça durmuş ummanynda ýüzüp ýör,
…Dädem Gorkut aramyzda ýok,
emma
Kalbymyzda, aňymyzda gezip ýör.

Azymberdi KAKAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle