| | |

Göze görünmeýän ruhlaryñ barlygy çynmy? -3: Deñizçiniñ ruhy adalatyñ ugrunda

Göze görünmeýän ruhlaryñ barlygy çynmy? -3: Deñizçiniñ ruhy adalatyñ ugrunda Göze görünmeýän ruhlar baradaky bu gezekki söhbetimiziñ mowzugy ýaş deñizçiniñ ruhunyñ adalatyñ dabaralanmagy üçin pelesañ urşy barada…

3. Göze görünmeýän deñizçiniñ ruhy adalatyñ ugrunda

Amerikaly ýaş deñizçiniñ ruhy syrly ölümindäki hakykatyñ aýdyñ bolmagy üçun tutuş iki ýyllap ejesiniñ Portlandaky öýüne gatnady. Leýtenant Jeýms Satton asyryñ başynda ýaşap geçen ortagürp güzeranly maşgalada kemala gelipdi. Jeýmsiñ Annapolis harby akademiýasyna okuwa kabul edilmegine onuñ maşgalasy diýseñ begenipdi. Olar günüñ-gününe Jeýmsden gelýän hatlara göz dikip garaşýardylar. 14-nji oktýabr güni ir bilen hat-habar gatnadýan çapar gelende, ejesi şatlyk bilen poçta ýaşşigine tarap ylgaşlady ae hemişe bolşy ýaly gapyda durka okap başlady. Owadan ýazylan hat şatlykly wakalardan we degişmelerden doludy. Emma hanym Satton haty alan badyna elleri saññyldamaga başlady. Içine birgeñsi gorky we howsala aralaşdy. Hamala, özüni erbet bir zat başyndan geçen ýaly duýdy. Ertesi agşam maşgalasy bilen otyrka birden-bire serini gaýgy-hasrat gaplap aldy. Ylgap ýokarky gata çykdy we oglunyñ hatynda hiç zat sypyp galmandygyny görmek üçin gaýtadan okady. Hanym Satton ertesi günem özüni dürsäp bilmedi. Buthana gitdi, soñra öýüne dolanyp hojalyk işlerini meşgul boldy. Syzgyr ene Jeýmsiñ bimahal öýe dolanjagyny duýýan ýalydy. Hatda ol gyzy Luiza agasynyñ otagyny açyşdyrmagy tabşyrdy. Hojaýyn Sattonyñam işinden ir boşap duýsansyz öýe gelmegi hemmeleri aljyraññylyga saldy. Onuñ ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä dönüpdi. Ol «Size bir şum habarym bar» diýip, Annapolisden telegramma alandygyny we oglunyñ öz janyna kast edip ölendigini aýtdy. Hamym Satton yñdarma katilikdi we ol jigerbendiniñ özüni öldürjegine teý ynanyp bilenokdy. Hanym Satton edil şol wagt Jeýmsiñ öñünde dikelendigini we «Ejejan men ylla bäş ýaşymdaky günäsizdirin. Men özümi hiç wagtam öldürmerin» diýendigini ýazýar.
Hanym Sattondan başga hiç kim onuñ sesinem eşitmändir, özünem görmändir. Emma onuñ bu meseledäki bolşuny Jeýmsiñ ölümi zerarly başdan geçiren ruhy sarsgyny diýip düşünipdirler. Muña garamazdan hanym Sattonyñ oglunyñ göze görünmeýän ruhuny diñleýän pursatynda aýdýan sözlerini inkär eder ýaly däldi. Jeýmsiñ kellesine sapançanyñ sapy bilen urlup, daşyna geçen üç adam ony urmaga, ýüzüni ýere oýkamaga başlapdyr. Jeýms urlup durka goşar sagady döwülýär. Ruh «eger alnymy görsediñiz, eliñizi alnyma goýsadyñyz maña näme edilendigunu bilerdiñiz, ejejan!» diýip pyşyrdapdyr. Gitmezden öñ adynyñ aklanmagyny, ýogsam ruhunyñ hiç haçan ynjalmajagyny aýdypdyr. Jeýmsiñ ruhy 16-njy oktýabrda gaýtadan görünýär. Hanym Sattonyñ aýtmagyna görä, ol ölümi bilen baglanyşykly has jikme-jik maglumatlary berip, ýüzündäki ýaralary, ýyrtyklary gizlemek üçin kellesiniñ nähili saralandygyny gürrüñ beripdir:
«Ýüzüm durşuna şikesddn doly we mañlaý süñküm döwük, äñimiñ çep tarapynda çiş bar». Hanym Satton soñra bu aýdylanlary subut etjek bolýan ýaly pelesañ kakýan oglunyñ ruhunyñ ýüzüni birden pytrap giden we ähli gany akyp gutaran ýagdaýda gördi. Ruh «pogonlarymyñ birini tapamok» diýip naýynjar halda ejesine seredipdir. Mundan soñ öýüñ dört burçuny bu ruh gurşap alypdy. Deñizçiniñ körpe jigisi Dan agasyny görendigine kepil geçýärdi. Uýasy Luiza hem onuñ barlygyny duýýardy. Beýleki bir uýasy Deýzi hem gije ýatyrka düýşünde özüne köpçülik bolup düşülen ýaş deñizçileriñ suratynyñ görkezilendigini gördi. Ol suratdaky Jeýmsiñ egindeşi bolan Atli diýen ofiserden gözüni aýryp bilenokdy. Hanym Sattton soñra düýşünde oglunyñ jesediniñ plýažda saklanandygy we mundanam leýtenant Atliniñ jogapkärdigi barada pyşgyrandygyny aýtdy. Jeýmsiñ ölüminden üç hepde geçensoñ Luiza Annapolisden dolanyp geldi we doganynyñ eşiklerini-de getirdi. Bularyñ arasynda ýüzüniñ aýnasy döwldn goşar sagady-da bardy. Bu bolsa Jeýmsiñ başyndan geçen zatlara güwälik edýärdi.
Resmi maglumatlara görä leýtenant Satton birnäçe dosty bilen bile şol gije keýp etmäge gidipdir. Umumy ýaşaýyş jaýyna gelenlerinde olar eýýäm lülgammar halda dolanupdyrlar we öz aralarynda sene-mene edipdirler. Sene-menäniñ yzy dawa ýazýar. Ýakalaşyp durkalar Jeýms ýykykýar. Ol dostlaryny öldürjekdigi barada haýbat atyp, ýaragyny alyp gelmek üçin çadyra tarap ylgapdyr. Şol sebäpli ony tussag astyna almaga yzyndan barylanda, ýaragy özüne çenäp atypdyr. Sattonlar maşgalasy degişli işgärleriñ bu waka baradaky aýdanlaryna hiçem ynanmandyr. Edip boljak zadam ýokdy. Harby lukman seljermede Jeýmsiñ ýüzünde hiç hili şikesiñ ýokdugy barada ant içdi. Seljerijiñ netijenamasy «öz janyna kast etmek» diýip çykaryldy. Emmma aradan iki ýyl geçensoñ Sattonlaryñ maşgalasy Jeýmsiñ jesedini gaýtadan ekspertizadan geçirtdiler. Eksgumasiýanyñ netijeleri haýran galdyryjydy. Geçirilen barlaglar Jeýmsiñ zalymlarça ýenjilendigini, ýüzüniñ böleklenendigini, çep äñiniñ aşagynda-da görnüp duran ýumrynyñ bardygyny ýüze çykardy. Şeýle-de seljermeden soñ gülläniñ ballistik girişi adamyñ bular ýaly görnüşde öz-özüni atmagynyñ mümkin däldigini, eşiklerine geçirilen seljermede bir pogonynyñ ýokdugy ýüze çykdy. Has soñra Sattonlar leýtenant Jeýmsiñ jenaýatyñ pidasy bolandygy barada habar berýän anonim hat aldylar. Hatyna seredip, ony ýazanyñ jenaýatyñ bolup geçen gijesinde şol ýerde bolan hyzmatkärdigi anyklandy. Emma ony tapmak üçin edilen synanşyklaryñ barsy biderek boldy. Muña garamazdan ruh ynjalypdyr. Yñdarma katolige ýöñkelen «öz janyna kast etme» tegmilinden saplanmagy ony begendiripdi. Hanym Satton mahal-mahal onuñ keşbini görüp durupdyr. Emma wagtyñ geçmegi bilen ol keşpler seýreklemäge başlapdyr we sonra bütinlrý ýitip gidipdir. Çünki gijem bolsa adalat dabaralanypdy.

(dowamy bar)…

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle