Gowy şahyrlary ogurlaýarlar
Gowy şahyrlary ogurlaýarlar
Bir gowy şahyryñ gowy goşgusyn,
Basga şahyr öz diline geçirdi.
Soñky şahyra-da terjime goşgy,
Uly abraý, uly şöhrat getirdi.
Soñ eýelik etdi özi şol goşga,
Eýe bolan ýaly dünýäñ zadyna.
Terjime edilip özge dillere,
Goşgy çykyberdi onuñ adyna.
Gör, kimiñ jepasy — gör, kime wepa,
Gör, kimiñ azaby — kime abraý.
Ýer togalak, ýöne gutarýa yollar,
Her zadyñ ahyry bolýar ahyry.
Kişiñ bagtyny alyp bagtly bolmak kyn,
Enelerem bagty dogurmaýarlar.
Biri bir setirmi alsa begenýąn,
Gowy şahyrlary ogurlaýarlar.
Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. Goşgular