Başga tüýsli bir goşgy
Başga tüýsli bir goşgy
(Atamyrat Atabaýewe)
Bilýärin, owadan gyzlar
Okaýar goşgularyñy.
Olar goşgulañdan owadanlanýarlar
Hem aýlap goýbärler näzli sözleñden
Öz başlaryny!
Seni görmedikler görmek islärler,
Diýerler: «Bu ~ ýigit ýeten çaga-la!»
Ýöne görensoñlar bu ýaşdan soñra,
Diýerler: «Wah, aga eken, aga-la!»
Gelinlerem seniñ sözleriñ bilen
Ärlerini igelärler, ýonarlar,
Soragyña çykjaklaram tapylar,
Biri agam diýip agtarar seni,
Seni biri dostum diýip agtarar.
Biri seni «Ýarym!» diýip ýat eýlär,
Ýar saýjaklaryñky kyn bolar, ýöne:
Seniñ özge birilikligiñden ~
Bibilikligiñden olar «dat eýlär!»
Garaz, bary öz baglarna gonarlar.
Erkeklerem seniñ sözleriñ bilen
Öz aýallaryna penek atarlar:
Öýkeleşerler,
çekeleşerler,
(Kim bilýär,
Ganygyzgynlañam bolmagy mümkin)
Ýakalaşarlar,
Ýöne, ýene seniñ sözleriñ bilen
Biri-biriniñ göwnün taparlar.
Şeýle bolmadymy şu wagta çenli:
Seni birläp däl-de, köpläp söýdüler.
Oba-oba,
şäher-şäher ~ il bolup,
Ýa geplemän, ýa-da gepläp söýdüler.
Köpüñ söýgüsine ýanyp içleri ~
Bar bolsa, haýsy kim,
görip,
gabanjañ
Ýa hiç zada göwni ýetmeýän bir kes ~
Gahary bilen däl,
emri bilen däl,
Sypaty ýa kürsüsi bilen däl ~
Atamyrat Atabaý ýaşap ýörse bes! ~
Iñ bolmanda başga,
başga bir tüýsli
Goşgulary bilen özün söýdürer.
Ahmet MÄMMEDOW. Goşgular