|

Ýene hakydamda oýandy keşbiň

Ýene hakydamda oýandy keşbiň ÝENE HAKYDAMDA OÝANDY KEŞBIÑ

Ýene hakydamda oýandy keşbiň

Ýene hakydamda oýandy keşbiň,
Şadyýan gözleriň göresim geldi.
Alawladyp ilki söýgümiň yşgyn,
Soguryp ýüregmi beresim geldi,
Ýekeje ýylgyrşyň öwezne, ýarym,
Kaýyl men bermäne ömrümiň baryn.

Şeýdip meň küýsegim çykýarda üstün,
Alyp gidýär meni ýaşlygma sary.
Şu duýgyň öňünde asgyn men, asgyn,
Ençe ýyl geçsede şol günden bäri.

Göwnüme bu zatlar bolupdy dek düýn,
Kalbymda kiçijek umyt döredi.
Ýaşlygymda galan ilkinji söýgüm,
Alyslardan mähir bilen garady.

Şol mähir siňýärde meniň süňňüme,
Janlanýar aňymda ýüzüniň nury…
Ýöne şol günleri gaýtarmak üçin,
Az bolýar, az bolýar, az bolýar eken,
Zeminde ýerleşýän baýlyklaň bary.

Azat NURGELDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle