Şükranalyk
Şükranalyk ŞÜKRANALYK
«Oñarsañ bar zady oñatlyga ýor»
Gurbannazar EZIZOW.
Gürrüñe girişdim Gurbannazaryñ
şygar edinerlik sözleri bilen,
tapan pikirlerni durman ýazanyñ
nusgalyk — irginsiz gözlegi bilen.
ýogsa bizem dürli goşgular bilen
okyjylañ nazaryna kän ildik.
Ykrar edilme ýok boş gylaw bilen
düýpli pikir talap edýär — kämillik.
Ikimiz hakynda däldir bu goşgy
il derdine derman pikirler hakda.
gussalary serpikdirip,
ýuwaşja,
pytradyp goýberjek şükürler hakda.
Synlap düşünmeli synçylygymdan,
dogrusy,
ýüregim ýadabam barýa.
…Dünýäniñ dowamly kynçylygyndan
bir gez ýokkarakdan — şat adam barýa.
Ol ýylgyryp barýar,
Uýýar mähelle,
ýylgyrýan ýakymly dünýäli bolar.
Şu gün säher ýarlyk aldym şäherden:
«ÝYLGYRYÑ, …hemme zat gül ýaly bolar!»
@ Aşyrmät GARLY. Goşgular