Daşoguz welaýatyndaky taryhy ýadygärlikleri rejelemek we gorap saklamakda TYA-nyñ Taryh institutynyñ goşandy
Daşoguz welaýatyndaky taryhy ýadygärlikleri rejelemek we gorap saklamakda TYA-nyñ Taryh institutynyñ goşandy
Türkmen taryh ylmyny ösdürmek barada uly tagallalar edilýär we gadymýetiň ýadygärliklerini gorap saklamaga olarda dikeldiş hem-de rejeleýiş işlerini geçirmeklige möhüm ähmiýet berilýär.
Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler zamanamyzda türkmen halkynyň iň täze taryhy döwri başlandy. Ýadygärlikleri rejelemek we gorap saklamak barada anyk teklipleri işläp, durmuşa gecirmek baradaky halkara hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy. Munyň şeýledigine Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy maslahatlary, bilelikde işlenilýän ylmy taslamalary mysal getirip bolar.
Türkmenistanyň ähli çägi taryhy ýädygärliklere baýdyr. Türkmenistanyň islendik welaýatyny alyp görseň-de olarda özleriniň arhitektura aýratynlyklary bilen tapawutlanýan meşhur taryhy ýagygärlikleri we aramgärhleri görmek bolýar.
Daşoguz welaýaty hem taryhy we medeni ýadygärliklere baý ýerleriň biridir. Ol ýerde orta asyrlarda salnan ajaýyp bina ýagygärlikler diňe bir biziň halkymyzyň däl eýsem bütin dünýäniň halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Bu ýadygärlikleriň käbirleri keramatly hasaplanýarlar we ol ýerlere dünýäniň çar künjünden zyýarata gelýärler. Şeýle keramatly saýylýan ýagygärlikler toplumy Köneürgençde ýerleşýär. Bu ýagygärlikler ÝUNESKO-nyň bütindünýä ähmiýetli medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Köneürgenjiň ýadygärliklerinden başga-da Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplary hem ýadygürliklere baý ülkedir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh Instituty ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň “Ilçiler gaznasy” maksatnamasyna laýyklykda ýylda yglan edýän “Medeni mirasy gorap saklamak” atly halkara bäsleşigine gatnaşyp iki gezek (2005-2008-nji ýý) ýeňiji boldy. Bu taslamalar boýunça Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän Aksaraýdiň we Ysmamyt ata ýadygärliklerinde dikeldiş işleri geçirildi.
“Aksaraýdiň” taslamasy boýunça diň görnüşli täsin binagärlik desgasy bolan Aksaraýdiň (XI –XIIa.)atly arheologik ýadygärliginiň weýran bolmagynyň öňi alyndy. Ýadygärlikde rejeleýiş we dikeldiş işleriniň geçirilişi barada birnäce makalalar we kitapça çap edildi.
Keramatly saýylýan ýerleriň biri-de çylşyrymly binagärlik toplumyndan ybarat Ysmamytata ýadygärligidir. Ol Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň “Zaman” daýhan birleşiginde ýerleşýär.
Ysmamyt ata binagärlik toplumyndan ybarat bolup, ol XI-XII asyrlara degişli Eşretgalanyň harabalygynyň üstünde salnypdyr. Dürli döwürlere degişli binalaryň binýady beýikli-pesli tutulupdyr.
Ysmamyt ata barada ilkinji gezek XVII asyrda Hywa taryhçysy Abulgazynyň işinde Şähristan bilen Horezmiň ýolunyň ugrunda ýerleşýän obalaryň atlarynyň arasynda agzalýar. ХIХ asyrda bolsa, Munisiň berýän habaryna görä häzirki Ysmamyt ata toplumyna degişli binalaryň birnäçesi ХVIII asyrda salnypdyr.
Akademik Ýa.G.Gulýamowyň pikirine görä, Ysmamyt atanyň töwereginden ýygnalan keramiki bölekler afrigiler döwrüne, IX-X asyrlara, binalaryň salnyş usullary boýunça bolsa, XIII-XIV asyrlara degişlidirler.
Biziň eýýamyzyň VII asyrynda otparazlyk dini yslam bilen öz ornuny çalyşýar. Halkyň arsyndaky ýörgünli rowaýata görä, Türkmenistanyň çäklerinde yslam dinini wagyz etmäge Muhammet Pygamberiň egindeşleriniň we serkerdeleriniň biri bolan Musaib Kazy Sahabyň ogly Isym Sahab gelýär. Şol wagtlar Eşretgala şäherinde Soltan Mahmyt hökümdarlyk edipdir. Halkyň arasynda onuň abraýy örän uly bolupdyr. Isym Sahab Soltan Mahmyt bilen duşuşypdyr. Hökümdar yslamyň wagyz edilmegine garşy çykmandyr. Tiz wagtdan Soltan Mahmydyň özi-de ýakynlary bilen yslamy kabul edipdir. Şondan soň Soltan Mahmyt Isym Sahabyň ýanyna gelip özüniň oglunyň ýokdugy we nesliniň dowamynyň bolmajakdygy sebäpli, adynyň ýitip gitjekdigini düşündirip ondan yz galar ýaly atlaryny birleşdirmegi haýyş edipdir we Isym Sahab razy bolup, şeýle hem edilipdir. Isym Sahab ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde ýaşapdyr we ölenden soň jaýlanypdyr. Soltan Mahmyt onuň adyny halkyň arasynda ebedileşdirmek babatda alada edipdir. Yslamyt ata ady hem şol iki meşhur şahsyýetleriň — Isym Sahab bilen Soltan Mahmydyň atlarynyň birleşdirilmeginden gelip çykypdyr. Şondan bäri hem bu toplum Isymmahmyt-Ysmamyt bolup galypdyr.
Ysmamyt ata toplumynyň töweregini uly gonamçylyk (4-5 ga) gurşap alýar. Gonamçylykdaky iň uly mazar Ismamyt atanyň (Isym Sahabyň) mazary-aramgähi bolmagynda galýar. Soltan Mahmyt hem şol ýerde jaýlanan bolmaly, emma onuň mazary saklanyp galmandyr.
Ysmamyt ata binagärlik toplumynyň Eşratgalanyň galyndysy bolan belentlikde gurlandygyna garamazdan, töwerekdäki zeýkeşleriň joşmagy zerarly bu gonamçylygy birnäçe gezek suw alandygy barada bellenilýär. Toprakdan syzyp geçýän şor yzgaryň asyrlaryň dowamyndan häzirki günlere çenli berýän güýçli zeperi zerarly ýadygärlige weýran bolmak howpy abanypdyr.
Bu toplum iki sany uly gümmezli, zyýaratçylar üçin namaz, gurhan okalýan-dileg edilýän otagly we mazarly Ysmamyt atanyň kümmeti hasaplanýan ymaratdan; ýedi gňmmezli uzyn däliz görnüşinde salnan “Daşköçe” diýlip atlandyrylan desgadan; toplumyň galan bölegi bilen birikdirýän dälizden; gyşky we ýazky metjitlerden; aşhanadan; hanaka ýa-da medreseden durýar.
2009-njy ýylda Ysmamytata binagärlik toplumynyň ýanynda, Köneürgenjiň ýadygärlikleri goramak baradaky döwlet Goraghanasynyň müdiri we işgärlerinden, arheologlardan, antropologdan, gurluşykçy inženerden, restawratordan, Özbegistandan gelen iki arhitektordan we taslamanyň ýolbaşçysyndan düzülen toparyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda soňky döwürlerde rejelemek kada-kanunyny nazara alynman, geçirilen bejergileri aýryp we weýran bolan ýerleri üç tapgyrda rejeläp toplumyň binalaryny öňki kaddyna getirmelidigini karar edildi.
1-nji tapgyr aramgähiň daşky gümmezleriniň ikisini, portalyny rejelemegi; Daşköçe diýlip atlandyrylýan däliziň daşky diwarlaryny, 7 gümmezini we portalyny bejermegi; şeýle hem olaryň içki bejergi işlerini geçirmegi öz içine alýar.
2-nji tapgyr aşhananyň, gyşky we tomusky metjidiň daşky we içki diwarlaryny; Daşköçäni gyşky metjit bilen birleşdirýän dälizi we gümmezleri; gyşky metjidiň gümmezini we portalyny; şeýle hem olaryň içki bejergi işlerini öz içine alýar.
3-nji tapgyr medresäniň, gümmezleriniň 13-sini; daşky diwarlaryny; gamyş boýradan edilen tomusky bassyrmany rejelemegi; medresäniň hüjreleriniň içki bejergi işlerini; agaçdan ýasalan çagşap giden oýma nagyşly äpişge-gapylaryny; şeýle hem Ysmamyt ata toplumynyň daş-töwereginde abadanlaşdyryş işlerini öz içine alýar.
2009-njy ýylyň dowamynda arhitektorlar täze tehnologiki usullar bilen, takyk ölçeg alýan lazerli gurallarynyň kömegi bilen ýadygärligiň çyzgylary taýýarlandy. “Daşköçe” diýip atlandyrylan däliziň iki tarapynda barlag çukurlary (şurf) gazyldy. Bu şurflardan tapylan kraniologiki tapyndylar antropolog O. Babakow tarapyndan öwrenildi. “Daşköçäniň” ini 80sm, boýy- 1,5-2m barabar binýady täzeden tutuldy we yzgar geçmez ýaly berkidildi. Onuň diwarlarynda, ýedi sany gümmezinde we girelgesinde rejeleýiş işleri geçirildi. Şeýle hem Ysmamytatanyň kümmetiniň gümmezleri, girelgesi rejelendi.
Rejelemek kada-kanunyny yzarlamak bilen dikeldiş işlerini geçirmekde ulanyljak 27x27x5 ölçegli inedördül kerpiçleriň 50 müňisini birinji tapgyrda guýduryldy we günüň çoguna guradyp hummuzlarda 25 günläp bişirildi. Hummuzlar öçürilenden soň 7-10 günläp ustüni açman sowadyldy. Şondan soň kerpiçleri hummuzlardan çykarylyp ýadygärligiň ýanyna eltildi. Şeýle hem rejelemekde ulanylýan angidridiň 20 tonnasyny we katalizatory Magdanly şäherinden Atamyrat şäherine awtoulag bilen, demir ýol ulagy bilen bolsa Görogly etrabyna, hekdaşyny Köneürgenjiň golaýyndan we beýleki gerek materiallary tapyp Ysmamyt ata ýetirmekde uly işler alnyp baryldy.
Daşköçäniň diwarynyň we onuň portalynyň sepleşýän ýerinden barlag çukurlary gazyldy. Bu şurflardan tapylan kraniologiki tapyndylar antropolog O. Babakow tarapyndan öwrenildi. Bu şurflardan tapylan keramiki bölekler, syrçalanyşyny we nagyş salnyşyny göz öňünde tutup, olaryň XII-XIV asyrlara degişlidigi anyklandy.
«Daşköçäniň» demirgazygyndan we günortasyndan uzaboýuna (her tarapyndan 40 m) binýadynyň başlanýan ýerine çenli çukur gazyldy we diwarlaryň daş ýüzünden berkitmek üçin bişen kerpiçden ini 80sm, boýy 1,5-2 m barabar binýady tutuldy we yzgar geçmez ýaly ilki bitum çalyp soň polietilen bilen daşyny ýapyp, üstüne ruberoid düşelip berkidildi.
Arhitektorlaryň taýýarlan çyzgylary esasynda «Daşköçäniň» diwarlarynyňýüzündäki aýlawly-arka görnüşli bezeglerde, ýedi sany gümmezde, gümmezara gädijeklerde we portalynda-girelgesinde kerpiçleri ýonulyp gerek ölçeglere gabat getirip, rejeleýiş işleri geçirildi. Şol bir wagtda Daşköçäniň we aramgähiň içinde abadanlaşdyryş işlerini hem geçirildi.
Toplumda 1-nji tapgyryň işleri portaly we onuň öňündäki basgançakly meýdany abatlamak bilen tamamlandy.
Ýadygärlikleri halkara hyzmatdaşlyk arkaly öwrenmegiň we dikeldiş işlerini geçirmekligiň taryh ylmynda, binagärçilikde, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmekde ähmiýeti uludyr.
Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty. Taryhy makalalar