|

Görogly eposyna prolog

Görogly eposyna prolog GÖROGLY EPOSYNA PROLOG

Möjege owlagyn aldyran geçi
Tap getirip bilmän ýowuz täleýe,
Ak süýdüni ýaşyl düzlere seçip,
Gözledi perzendin eňräp mäleýe.

Boýny jaňly süriň başyn çekjegi
Gitdi ýeke gezek daga ýaýraman.
Gaýgy-hasrat demir naldan ökjeli,
Şahyna dag basdy, köňlüne arman.

Beýle hasrat kän bolupdyr ozalam,
Çopan süri üçin ilkinji däldi….
Ilkinji gam bolup gök ot, bozagan
Bu gün janaweriň ýadynda galdy.

Dünýäň gamy başa inen çagynda
Öňler ýowuz däl ýalydy böriler.
Mäleýäni garaşmasa agylda
Nämä gerek gaýdyp gelmek örüden.

Eýsem, düze owlak bolup bökermi
Gök asmandan ak bulutlaň tüýdümi.
Indi suwsuz guran kaka dökermi
Ol ýelnine sygman duran süýdüni?

Ýok, yhlasy söýegidir täleýiň,
Medet berer ejiz bolup doglana.
Sataşdyrar geçmez ýaly mäleýip,
Görden çykan süýde mätäç oglana.

Ilmät GURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle