|

Söýmändim men…

Söýmändim men… SÖÝMÄNDIM MEN…

Kyn bolsa-da: «Hoş gal!» sözün,
Diýmek üçün söýmändim men.
Gülüm, sensiz aýralykda,
Köýmek üçün söýmändim men.

Bir saña baglap ömrümi,
Soldy lãläm, sôygi güli,
Gam-hasratdan ýüregimi,
Dilmek üçün söýmändim men.

Synla damjalaryñ damşyn,
Şumy yşga wepa berşiñ?
Umytlarmyñ sönüp barşyn,
Duýmak üçün söýmändim men.

Hany garaşylan günler,
Gülmezmi dertli göwünler?!
Jany seni unutmana,
Ýetmez maña bu ömürler.

Ýürek gam kölüne batdy,
Gözýaşlam sil bolup akdy,
Seni özge bilen bagtly,
Görmek üçün söýmändim men…

Söhbet ORAZMUHAMMEDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle