|

Zeminiñ ýoly bi…

Zeminiñ ýoly bi… ZEMINIÑ ÝOLY BI…

Zeminiñ ýoly bi: biri ýapylsa,
Beýle ýandan başga biri açylýar.
Ýigdiñ gursagyndan urulyp naýza,
Gylyç salnyp, keýmir oklar atylýar.
Ýok, ýigit ölmedi,
Onuñ ölümi
Beýik Ýeñiş bolup ýurda ýaýrady.
Ol ölmedi, tä synýança gylyjy,
Ol ölmedi, tä synýança naýzasy.
Ajalyñ agzyna basyp aýagny,
Diýdi: «Men içiñden geçerin parran!»
Egnine dolanyp elwan sabany,
Kepenin tug kimin parladyp barýar.
Ýok, ýigit ölmedi, dünýäñ öñünde
Hanha, rowaýata öwrülip gidýär.
Tañrynyñ keremli ähli ýerleri,
Oña gabyr bolmak arzuwyn edýär.
Seni Hak sylaýyp, Alla ýalkasyn
Eý, merdana, gerçek ogly halklaryñ!»

Goşgyny terjime eden: Kakamyrat BALLYÝEW.

Abu TAMMAM,
Irki orta asyr arap şahyry. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle