Kiçijek pelsepe, sadaja goşgy
Kiçijek pelsepe, sadaja goşgy
Howa maglumatyn berdiler şugün,
Radioýaýlymda, teleýaýlymda.
“Bulutsyz howa bor, güneşem çogun
Eçiler-diýdiler –Türkmen ilimde”
Begendim, ynandym, çykdym seýrana,
Howa gorä geýindimde lybasym.
Töweregi synlap galdym haýrana,
Bulut üýşdi, ýagşam ýagarly basym.
Bir ýere üýşdiler bulutlaň bary,
Howa-da garaldy hem-de sowady.
Asmandan guýuldy güýzüň ýagmyry,
Maglumatlaň ýalanlygnyň subudy…
…Bulutlar hem gözýaşlarny dökerde,
Ýiter gider, bolup gözümden gaýyp.
Asmandan lowurdap güneş çykarda,
Ýyladar kalbymy mährine çoýup.
Ynsan ogly bolmaly köp şükürde,
Ýene ýylar ülkämiziň howasy.
Çünki, gara bulutlardan ýokarda,
Ýagty günüň barlygy oň güwäsi.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular