Men Orta Aziýa
Men Orta Aziýa
Men — Orta Aziýa.
Dury asmanym
Tämiz ýüregimi görkezýän aýnam.
Garly Alatau hem Pamir, Köpetdag
Belent başym ýaly egsilmez binam.
Men — Orta Aziýa.
Jeýhun, Syrderýa,
Naryn, Murgap, Nurek damarym-ganym,
Bir ýanym Mürzeçöl, Ýawan, Gyzylgum,
Bir ýanym Garagum, Hazar bir ýanym.
Men — Orta Aziýa.
Yssym, sowgum bar,
Sähram bar, çölüm bar, parlak gülüm bar
Başga-da bir beýik gudrat bar mende —
Ýüregmi ýyladýan nurly günüm bar.
Men — Orta Aziýa
Mende ýaşaýan
Her ynsan eýesi egsilmez bagtyñ.
Men — Orta Aziýa.
Men bir pudagy
Sowet ýurdy diýen äpet daragtyñ.
Men — Orta Aziýa.
Bütin kontinent
Tutuşdyr — bolmaz oñ öñi, ortasy.
Mende bir bagtly gün dogany üçin,
Men tutuş Aziýañ nurly ertesi.
Şäher BORJAKOW Goşgular