Göreşmäñ…
Göreşmäñ…
▶ Göreşmäň
Körzehinleň garşysyna göreşmäň,
Olar ötmez palta ýaly kütekdir.
Olary hiç haçan ýiteldip bolmaz
Ýa ýitirip bolmaz,
Ýok edip bolmaz.
Olar siziň çakyňyzdan,
Ýa-da çeniňizden köpdür.
Çyn zehinleň garşysyna göreşmäň,
Diňe şolar saklap dur bu zemini.
Olary hiç haçan küteldip bolmaz,
Ýitirip,
ýok edip,
öldürip bolar,
Ýöne ýeňip bolmaz beýik zehini. Goşgular