Gündeligimde galan setirler
Gündeligimde galan setirler
Eşidýärkäk düşünmeli, görýärkäk akyl ýetirmeli, duýýarkak seljermeli.
* * *
Ýaşaýyş hereketdir we onuň bizden edýän talaby hem hereketlilikdir. Hereketsizlik bolsa islendik wagt ykbalyň durmuşdan hem ýaşaýyşdan üzňeleşmegine sebäp bolup biler.
* * *
Manyly ömrüň her pursady sowulmaz toýa barabardyr.
* * *
Unudylmazlyga — özüniň däl-de, özgäniň bagty üçin göreşmegi başaranlar mynasypdyr.
* * *
Ýürekden hem-de hakydadan öçürilmek iň agyr jeza sezewar bolmakdyr.
* * *
Dünýä synag, ýaşaýyş bolsa mümkinçilikdir.
* * *
Dostluk ebedilige garylanda hakyky dostlukdyr.
* * *
Gülerýüzlüligiň aňyrsynda ýaşyrylan hyýanatdan gork.
* * *
Haýsydyr bir wakany suratlandyryp oňman, onuň döreme sebäpleri we netijesi hakynda hem pikir ýöretmegi öwrenmeli.
* * *
Durmuşda ilkinji söýgi üçin dälde, hakyky söýgi üçin ýaşamaly.
* * *
Bagtymyza şäriklige mynasyplar bizi söýenler we biziň söýenlerimizdir.
* * *
Kynçylyksyz ýetilen sepgit — daragtyny görmän hem tanaman iýilýän miwä meňzeýär.
* * *
Söýmän söýgä, ekmän miwä garaşma.
* * *
Her bir büdrän ädimiňi ýoluň sürçekliginden däl-de, özüňiň seresapsyzlygyňdan görmeli.
* * *
Dünýäniň gijelerden hem-de gündizlerden düzülişi ýaly, ömrüň hem ýagtylyklardan we garaňkylyklardan durjagyny boýun almaly.
* * *
Gudrata ynanan keramaty tapar.
* * *
Her pursatdan dogry çykalga gözlemegi başarmaly.
* * *
Derdini özgä duýdurman ýeňýän beýikdir.
Aknur ROZYÝEWA. Sözler