| | |

Magtymguly hakynda rowaýatlar

Magtymguly hakynda rowaýatlar MAGTYMGULY HAKYNDA ROWAÝATLAR

Magtymguly hakynda rowaýatlar

Gündogary öwrenijileriň ykrar edişi ýaly, Orta Aziýa halklarynyň içinde Magtymguly Pyragy türkmeniň ýeke-täk milli şahyrydyr. Gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy Çingiz Aýtmatow «XVIII asyr beýik Magtymgulynyň asyry» diýipdi. Şol sebäpli Magtymgulynyň döredijiligi  tutuş Orta Aziýa, Gündogar, galyberse hem, dünýä haklarynyň poýeziýasynyň  altyn hazynasyna girdi diýmäge doly esas bar. Orta  Aziýa syýahata gelen Wamberi türkmenleriň Magtymgula hormatyny şeýle beýan edipdir: „Islendik jedelli mesele ýüze çykanda, şol mesele boýunça Magtymguly işanyň goşgusyndan delil  tapsalar, hemme oturanlar  Magtymgulynyň pikiri öz pikirlerine garşy bolsa–da, ikirjiňlemezden ony çözgüt hökmünde kabul edipdirler“.
Dogrudanam, halkymyzyň Magtymgula hormaty çäksiz bolupdyr. Şonuň üçinem ata-babalarymyz  bu beýik akyldarymyz hakyndaky gürrüňdir-rowaýatlary  nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize gelip ýetipdir. Bizem şu gezek halk içinden beýik akyldaryň ömür ýoly, döredijiligi hakynda çöplän gürrüňdir-rowaýatlaryndan  Magtymgulyny özleriniň halypasy hasaplan nusgawy şahyrlarymyzyň Pyragy hakynda aýdan gürrüňlerini okyjylara hödürlemegi makul bildik.

Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

* * *

■ «Ýar–ýardan başga zat galmady»

Bir gezek Kemine obadaşlarynyň haýyşy boýunça olara  goşgularyny okap beripdir. Kemine goşgusyny diňleýjileriň arasynda ýaşlaryň–ýetginjekleriň kändigindenmi ýa özüniň okasy gelipmi, garaz, şahyr söýgi temasyndan ýazan goşgularyny kän aýdypdyr. Märeke dargandan soň, obanyň  üç–dört sany abraýly ýaşulylary Keminä „Şahyr, goşguňa sag bol, ýöne göwnümize bolmasa, gelin–gyzlary wasp edip, has köp goşgy okan ýaly bolduň. Oňa derek ýaşlarymyza pent bolar ýaly öwüt–ündew goşgulary köp ýazyp, gelin–gyzlary azrak wasp etseň gowy bolmazmy?!” diýipdirler.Kemine obasynyň sylagly ýaşulularynyň bu haýyşyna şeýle jogap beripdir; „ Ýaşulular, maslahatyňyza sag boluň, menem başarsam öwüt–ündew häsiýetli goşgulary köp ýazjak. Emma halypamyz molla Magtymguly  türkmeniň söz bossanynyň hoşasyny çöpläpdir. Öwüt–ündew häsiýetli goşgularyňda «Namar kimdir biler bolsaň,
Ne diýseň diýr „baş üstünde”… ýa Aýalsyza mydar  bolmaz,Dönse hökmi Süleýmana diýip, molla Magtymgulynyňky ýaly ajaýyp pikirleri aýdyp bilmejek bolsaň, beýle goşgulary düzeniňden düzmäniň ýeg. Garaz, halypamyz Magtymguly söz bossanynyň hoşasyny çöplänsoň, bize onuň çöplän hoşasyndan gaçyp galan däneleri çöplemek galýar. Şonuň üçin bize goşgy düzenimizde, esasan, gelin–gyzlarymyzy taryp edip, ýar–ýar diýmekden başga  söz galmady. Eger ony unamaýan bolsaňyz, biz indiden beýläk märekede goşgy okamagymyzy goýarys” Ýaşulular Kemineden bu jogaby eşidip, „Molla Kemine, sen bize Magtymgulynyň beýikligini gaty gowy düşündirdiň. Bizden öýke etme. Öz bileniňi edip, täze goşgular döredip,  halky begendir hem märekä goşgularyňdan aram–aram  okap ber” diýipdirler. Şondan soň molla Keminä  goşgy okaýşy hakynda nägileligini bildiren bir adamam bolmandyr.

■ «Gelin–gyzlarymyzy hyýaly wasp edäýmesek…»

Nusgawy şahyrymyz Mollanepes: Dür derýadan çyka bilmez,
Nazar kylsa, dişleriňe. Dowzah meni ýakabilmez, Ýanyp men ataşlaryňa… diýen setirler bilen başlanýan täze goşgusyny märekä okap berende,  diňläp oturanlaryň biri: „Molla Nepes, sag bol hezil berdiň, ýöne bu goşgyňda aşyk gyzyňy öte geçip, hyýaly derejede wasp edipsiňiz, mollam, sen ussatlyk bilen „Zöhre–Tahyr” dessanyny ýazdyň, onlarça gowy goşgularyň bar. Gelin –gyzlarymyzy hyýaly wasp etmän, durmuş bilen baglanyşdyrybam taryp edip bilersiň ahyry” diýipdir. Mollanepes diňleýjisiniň bu nägileligine şeýle jogap beripdir: „Siziň bu aýdanlaryňyza düşünýän. Ýöne molla Magtymguly:
«Golun dişläp, uz ýörişläp,
Biziň Meňli hanym gelýär…» ýaly setirlerinde gelin–gyzlarymyzy durmuş bilen baglanyşdyryp wasp edip bolýan ähli sözleri aýdypdyr. Molla Magtymgulydan soňky şahyrlarymyzyň  gelin–gyzlarymyzy  wasp etjekleri, olary hyýaly wasp edäýmese başga çäresi ýok”

■ «Halypam molla Magtymgulynyň gaýraty nusga»

Bir gezek nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdi pederlerimizi gaýrata çagyryp:
Watan üçin çykdym gyrat üstüne,
Tä janym çykynça dönmenem begler.
Dikdir serim düşmen duşman astyna,
Ýanyp duran nar men sönmenem begler… diýen setir bilen başlanýan goşgusyny okap beripdir welin, märeke şahyryň „berekellasyny” ýetiripdir. Duranlaryň içinden biri bolsa :’ Şahyrymyz sag bol, goşgyň göwnümize teselli bolýar, kalbymyza gaýrat berýär. Sen bu goşgyňda lalada watan namysynyň nämedigini düşündirpsiň. Ýöne sen bu zatlary nireden alýaň, özüňe kimi nusga edinýäň?!” diýipdir. Seýitnazar Seýdi bu sowala şeýle jogap beripdir. „Adamlar watan mukaddes toprak, ony är gaýratymyz bilen goramak gerek. Meniň özüme halypam molla Magtymgulynyň gaýraty nusga, ol:

Gorky ede –ede ryswamyz çykdy,
Takdyr näme bolsa görülsin indi.
Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik,
Degme, gan joş urup dökülsin indi —

diýip, watany-topragy goramak üçin pederlerimizi gaýrata çagyrypdyr. Molla Magtymguly diňe bir watançylyk temasyndaky goşgularynda däl, adaty öwüt-ündew häsiýetli goşgularynda hem halkymyzy gaýrata çagyrýar. Onuň «Geçme namart köprüsinden, goý aparsyn sil seni» ýaly setirleri adamzada pent bolan ganatly jümle ahyry.
Seýitnezar Seýdiniň Magtymguly hakynda aýdanlary bilen onuň göşgusyny diňlemäge gelen adamlaryň hemmesem baş atyp  ylalaşypdyrlar.

■ Ikisiniňem jogaby deň çykypdyr…

Gökdepe söweşine gatnaşan nusgawy şahyrymyz  Annagylyç Mätäjä döwürdeş   ýetginjekleriniň bir topary  şeýle sowal bilen ýüzlenipdirler: „Mätäji aga, halkymyz Gökdepe söweşinde uly duşmana garşy durmakda taryhda nusga alarlyk gaýrat  görkezdi?! Size beýle etmäge näme gaýrat berdi?“ Ýetginjekleriň bu sowalyna  Mätäji şeýle jogap beripdir: „Ýigitler, dogrudanam, bize sürnüp gelen duşman güýçlüdi, ýowuz duşmana garşy durmaga iteren zat halkymyzyň gaýraty boldy. Soňra bolsa molla Magtymgulynyň:

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy derýaýy–Nili,
Teke , ýomut,  ýazyr gökleň alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz…

— ýaly ganatly jümleleri ilimizi Watan goragyna aýaga galmakda birleşdirdi. Hut şonuň üçinem Gökdepe söweşinde uly duşmana mynasyp gaýtawul berendiris. Dogry, biz ol söweşde ýeňildik, emma biziň ruhumyzy syndyrmak olara başardan däldir. Şol sebäplem türkmen bu günki günem namys astynda galan däldir. Namysy–ary, üstesine–de   Magtymguly ýaly ruhy ýardamçysy bolan halk ýeňilmezdir!»
Şol  ýetginjekler  ýene bir gün Gökdepe söweşine gatnaşan şahyrymyz  Öweztagan Kätibä hem Mätäjä beren sowallaryny beripdirler welin, haýran galmaly ýeri, Kätibi hem  başgarak sözler beýan etse–de, bu sowala edil Mätäjiniň jogaby ýaly jogap beripdir.  Ol Gökdepe söweşinde güýçli duşmana garşy  gaýduwsyz söweşmek üçin, halkyň gaýratynyň esas, Magtymgulynyň watançylyk goşgularynyň bolsa,  ruhy ýardamçy bolandygyny nygtapdyr. Beren sowallaryna iki şahyrdan şol bir jogaby alan ýetginjekleriň içinden sowatly biri „Bä, hakykat aýry–aýry sözler bilen aýdylsa-da, onuň jogaby bir hem anyk bolýar eken“ diýipdir.

■ «It ata–är daýa»

Nusgawy şahyrymyz Gurbandurdy Zelili märäkäniň öňünde goşgularyny okap, ol:

Zelili diýr, bar zatdan ölümdir gaty,          Ölümden–de   gaty kişi minneti,
Mollalar öwerler ol kyýamaty,
Goýsalar, bu ýagty jahan  ýagşydyr…

— diýen goşgusy bilen bu gezeki poýeziýa okaşlygyny bes edipdir. Zeliliniň goşgusyny diňlän märekeden bir ýigit „Şahyrym  dilleriňe güller bitsin, hezil edindik. Ýöne men bir zady bilmek isleýän, molla Zelili, nädip ussat şahyr bolduň?!“ diýipdir. Zelili özüne berlen bu oňaýsyz sowala sypaýçylyk bilen näme diýjegini pikir edip durka, märekäniň içinden sylanýan bir ýaşuly ol sowala şeýle jogap beripdir: „Haý inim oňarmadyň görnüp duran zady görmediň. Gurbandurdy Zelili daýysy molla Magtymgula çekip, ussat şahyr boldy. Türkmen «It–ata,  är–daýa  diýmänmidir“. Ýaşulynyň beren jogaby bilen sowal berenem doly ylalaşyp, her kim öýli-öýüne gaýdypdyr. Magtymgulyny öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle