|

Sen maña düşünsediñ…

Sen maña düşünsediñ… SEN MAÑA DÜŞÜNSEDIÑ…

«Ýürek saňa amanatdyr,
Ömrüm saňa serpaý bolsun!»
— diýdim, diledim Allahdan
«Dileglerim berjaý bolsun!»
Päk söýgiňe ömür diledim,
Ynam diledim kalbyňa,
Emma sen ne meni söýdüň,
Ne-de ynandyň maňa,
Arman, maňa düşünmediň,
Wah, maňa düşünsediň!

Öz dünýämi terk eýledim,
Göçüp bardym seň dünýäňe.
Meň söýgimi duýmaz ýaly,
Sen kör, ýa-da güň däl-ä!
Gün kän-ä, ýüregňi açmak isleseň,
Men diňlärin, lal açan dek ses-üýnsüz,
Sabyrly bolaryn, giň ýürek bilen,
Sen maňa bolsaňam juda rehimsiz,
Arman, maňa düşünmediň,
Wah, maňa düşünsediň!

Sen gideňsoň meň dünýäme
Aralaşdy geň tukatlyk,
Meň duýgulam sygman dünýä,
Bolup barýar bir kitaplyk.
Seni bilmän ynjytdym men,
Özüm bilip ynjytdymmy?
Saňa duşup unutdym men
Lälikligmi, ynjyklygmy.
Ynanjymy saňa baglap,
Diňe saňa ynandym men
Arman, maňa düşünmediň,
Wah, maňa düşünsediň!

Aýsapar EMELOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle