«Huşsuz» kempir / satiriki hekaýa
"Huşsuz" kempir / satiriki hekaýa
Ýaşaýan ýerim mikroraýon bolsa-da, irgözinden göçüp gelemsoñ oduk-budujak ekinmek üçin sygryñ dili ýaly ýerjagaz edindim. Walla, o ýeri maña uly güýmenje bolýar how!
Bahar baýramçylygynyñ öñ ýanyragydy. Gydyrdanan bolup öz ýerimde bu gün-erte açyljak bolşup oturan gülleriñ düýbüni ýumşadyp ýördüm.
— Amanmy janym.
Men kellämi galdyryp, ses gelen tarapa seretdim. Çalaran saçlary hüwjerip ýüzüne dökülip duran bir kempire gözüm kaklyşdy.
— Ýeññe, salawmaleýkim. Zähmetkeşleriñ halkara raýdaşlyk güni bolan ýetip gelýän 1-nji Maý baýramyñyz mübärek bolsun! Size berk…
Bilemok, ol aýalyñ ýa-ha gulagy agyr, ýa-da onuñ öz aladasy özüne ýetik eken. Baýramçylyk bilen işi ýok.
— Şu taýy on birinji mekirmi?!
— Hawa, daýza jan, hawa, bolup bilse-hą şodur.
Ol birhili ýitirip tapan ýaly begenip ýyljyraklady. Has golaýragyma süýşdi.
— Maña o tüki nemäñ öýi gerekdi — diýip, ol kimdir biriniñ adyny ýatlajak bolup, gözüni süzgekletdi.
— Kimiñ öýi?
— Wah, şuwat ady dilimiñ ujunda welin… Neme-le, aýalyna Ýamanja diýýändirler, özem uborşik bolup işleýä, yşgolda. Adamsam özüñiz ýaly…
— Mekdepde tam süpürji bolup işleýä diýdiñizmi? — men onuñ sözüni böldüm.
— Hawa, uborşyk, özi şeý diýdi.
Düşnükli. Kelebiñ ujuny ýitiren kempir diýerler muña. Edip bolsa kömek etmeli. Ýöne nädip?! Mikroraýonda otuz müñe golaý adam ýaşaýar, özem ýamanja-ýamanja aýallar gaty kän bu ýerde, olaryñ haýsy birini tanajak.
— Öý nomerini zadyny…
Ol birden gygyrdy.
— Wiý, adamsynyñ ady neme, Halmyrat. Mesgewe gatnaýan otlynyñ bir magunynyñ hojaýynymyşyn özem.
Men garryny gynap durmaýyn-la. Öñi-soñy onuñ soraýan adamsyny tanajak gümanam ýok. Onsoñam «Bilemok» müñ belany başdan sowar diýipdirler ahyryn.
— Gynansak-da, garry, men-ä beýle adamyny tanamok.
Ol ugrajak ýaly etdi-de, birki ädim ätdi. Birdenem ýene-de yzyna öwrüldi. Sag elindäki paty-putusyny çep eline geçirdi. Aý ýok, gürrüñdeş tapynsa bi garry gaty bir gidiberjege-de meñzänok.
— Olar mata-marlagam satýandyr. Nädip satmasyn, duldegşir goñşulary söwda ysgylatlarynyñ ketdesimişin. Adyna-da Aman Esenowiç diýýäler. 1947-nji ýylda doglan. Bäş sanam çagasy bar. Öñräk ortanjy ogluny öýerende, onuñ atbaşysyna kyrk sekiz lükge gidipdir. Şo ýañky Aman Esenowiç diýilýäni arada gapjapdyrlaram, miliseler. Onda-da ol para-peşgeşi bilen hakyt sypanmyşyn. Wah, köşek, büwagt näme, puluñ bolsa ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşsa bolýa…
Men bu garrynyñ kimdir biriniñ öýüni gözleýän-ä, dogrusy, şübhelenip başladym. Gel, ony ugruna sürüp göreýin-le. Goý, diliniñ hözirini görsün.
— Dogrudyr garry. Bi mekirde her hili jemende ýaşaýar…
Garry goşlaryny bir gapdala goýdy-da, özüni aşak goýberdi. Goýry kölegä atylan gülli keçäniñ üstünde mazaly ornaşdy.
— Bu çäýnejigiñde bir owurt çaý galmadymy? — diýip, ol meniñ jogap bererime-de garaşman, çäýnegi sarkdyrdy.
— O-ho-how, görýän welin, bi Göroglydaky kempir ýaly başa düşen towky bolaýmasyn. Ýok, sypmañ alajyny etmeli. Bu garryñ gürrüñem gerek däl, özem…
— Ýeññe, siz ýañky gözleýän adamyñyzy ho gaýrarakdan bir ýerden sorap görüñ. Edil şu ýerlerde-hä şeýle adam ýaşanok.
Ol düwünçekleriniñ birini golaýragyna çekdi-de, çiñerilip meniñ ýüzüme seretdi.
— Jan ogul, bi näme, sakgala-murta basdyrypsyñ-la, eýgilikmi özi?
Men törpi ýaly garalyp duran eñegimi sypalaşdyrdym.
— Hudaýa şükür, saglyk. Ýöne ýekşenbe güni işe gitmämsoñ syrmadymam-da. Aý, onsoñam dükanlarda-da bir üýşüp ýatan almazam ýok.
Garrynyñ gözi ýitilenen ýaly boldy. Onuñ birhili dilem süýjedi.
— Wah, köşejigim, bi dükanlara suw çaýkalan ýaly boldy, zat ýok asyl. Özüñiz ýaly gowka oglan duşaýsa diýip ýanyma birki gap almazjyk alypdym, özem importnyý…
Men bu kempire ýagyrnişligimo otladyp dynaýyn-la, ýogsam ol ýakamy goýberjek däl. Hasaplaşyp hoşlaşdym.
Ol añyrrak gitdi-de:
— Be, sen onda Ýamanjalañ öýüni bileñok-da?! — diýip, yzyna gañryldy.
Men eşitmedik bolup öz işime güýmendim. Ol ýene-de gygyrdy. Goýjak däl-ow.
— Ah-ow, başyña-gözüñe döneýin, daýza jan, gözleýän adamyñ goñşy-golamyna çenli tanajak bolup ýörmän, olaryñ jaz nomerini belläýmeli ekeniñ-ä — diýip, men janymdan syzdyryp özelendim.
Meniñ çynymdygyny ýañky ahyry andy öýdýän. Hüñürdäp öz ýoluna rowana boldy.
— Wah, men bir añkasy aşan, huşsuz, skleroz kempir-ä, nomur-somuryñy näbileýin…
Täçmämmet JÜRDEKOW. Satiriki hekaýalar