|

Kerep

Kerep KEREP

Ýaşyl «Wolga» süýnüp barýar ýol bilen,
Gögerçin deý gelin,
Ýigit hem bahar.
Göreçleri dumanlapdyr dideleñ,
Ýoldaky salgym deý ereýär takat.
Ýa öñdäki ZIL-iñ sypdyran daşy,
Ýa gelne ençe ýyl özün ideden
Bagt guşy
Urlup, «Wolgañ» aýnasyny
Baglady kerep.
A möýe derek
Ikisine gerdi ganat — ýerganat.
Ýaşyl «Wolga» siñip gitdi bahara…
Ýaşyl «Wolga» süýnüp gaýtdy şähere…
Gelin ses-selemsiz çugudyp otyr,
A ýigide häzir derkar däldi gep…
Şäheriñ üstünde eriş-argaç sim
Misli bir kerep…
Gelin öýe gelýär,
Ýañy pyntyk ýaran üzüm dalbary
Gerilip dur kerebi deý düşdüşiñ.
(Wah, ýürek daşdan däl,
ýogsa ol ony
Atyp saljak mañlaýyndan başdaşyñ…)
Oguljygy dolýar gelniñ gujagna,
Ýöne gözlerine siñe seretse:
Neresse çaganyñ iki görejem
Duran kerep-le…

Nobatguly REJEBOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle