Şerebeli setirler
Şerebeli setirler

• Parahora!
Her kim senden hemaýata hantama,
Her kim senden dürli kömek sorap dur,
Wah-wah, endik gursun, açgöz gözleriñ,
Ýüzlere däl, ellerine garap dur.
* * *
• Dagy nätsinler
Goñşyñ dükanynyñ alyjysy ýok,
Onsoñ öz-özleri dükana gelýär,
Aýal-a satyja gymmata satjak,
Adamsam alyjy; arzan dileýär.
• Şöhratparaza
Oda-köze düşüp çapýañ şöhrata,
Bu ýaramaz derde ýolukduñ nirden?
Çyranyñ yşgyna çarp urup köýýän
Perwanañ ykbalyn alaýma birden.
* * *
Bilmese-de halk kim, hökümet näme,
añy ýetýär ýeser göçüm etmäge.
Yzgydy ýok golasy bar golunda,
Doglupdyr ol diñe höküm etmäge.
* * *
Asgynmyñ ㅡ haýbatly sesdir, görgüli,
Üstünmiñ ㅡ haýwandyr sessiz, görgüli.
Göräýmäge, dag ýaly dik bolsa-da,
»Atdan beýik, itden pesdir» görgüli
* * *
Bakman ýaşa, garra, aýalla, dula,
Iñ mukadde zadyñ satýarsyñ pula,
Irde-giçde tozjak bolsa türkmenim
Diñe sen tozdyrsyñ, tozdyrsyñ tula.
* * *
Bolsa-da zehiniñ kemli hem kertik,
Kitabyñ çykartdyñ pulluja ýortup.
Seret, nasa dolap satýarlar ony,
Hanha ak bazarda aldygna ýyrtyp.
* * *
Ol zyba zenanda pulam kän, goş kän,
Daşdan göräýmäge, şeýle bir hoşpäl,
Has pulluja ýaryñ ýesiri özem.
Başy boş bolsa-da kellesi boş däl.
* * *
Biri çörek, biri çakyr satyp ýör,
Biri gus-guruja akyl satyp ýör,
Kemsiz münüp kellelini kellesiz,
Eşegaraba deý şakyrdadyp ýör.
* * *
Halal zada haram zady gatyp ýör,
Narpyzyny maşynlyja satyp ýör,
Iliñ aýallarna suwjardyp agzyn,
Öz aýaly bilen aýry ýatyp ýör. Goşgular