Öýmüziň bilbili
Öýmüziň bilbili

Biziň öýde bir gül bar,
Bagdaky gülden gowy.
Onda süji bir dil bar,
Saýrak bilbilden gowy.
Göterýäris biz ony
Bökdürip elden-ele.
Şatlygmyzyň ýok çeni,
Wasp edýäs dilden-dile.
Gulpaklary tylla dek,
Öwşün atýar ýüzüne.
Eje-ata diýýäs bek,
Guwanýarys sözüne.
Oýnan oýnuna uýýas,
Ol ynsanyň körpesi.
«Watan şiri bor» diýýäs,
Beýik onuň sarpasy.
Pomma NURBERDIÝEW. Goşgular