| |

Zenanlar

Zenanlar ZENANLAR

Zenanlar

Gitdigiçe gyzdy söhbet
Göwher-merjen barada.
Ýüzük, syrga barada.
Iňňäň gözi ýaly göwher lowurdap,
Öwşün atdy sülük deý ak barmakda.
Dünýä ýalkym salyp owadan ýakut
Gün deý ýandy gulakda.
Arman, şol öwüşginleň ýüzden biriçe
Ýagty ýokdy ýürekde.

“Iki müňe sowgat etdi adamym,
Nikamyzyň dolanda on ýyllygy”.
Bir zenan ýer dyrmap, pikire batdy,
Diýdi – Taňrym, bol ýerinde bollugyn.

Hem gizlejek bolup boş barmaklarny,
Galdy bir derde.
Başga biri bolsa taryplabildi
Tikdiren köýnegin soňky modada.

Gülli nah matadan köýnekli gelin
Barmaklary boş zenana seretdi.
Sözledi akylly nazary bilen,
…Söhbet gyzyp, ýetjek ýerine ýetdi:

–Göwher moda.
Indi altyn ýüzükler
Bar kimde diýseň.
Bolanyna görä, ýaşan deý ýaşa,
Bu dünýäge gaýdyp geleňog-a sen.

–Wah, näsini aýdýaň?
Eger şu gezek
Tutuş gelse adamymyň aýlygy,
Alsam diýýän göwher gaşly bilezik.
Olam maňa garşy gidip duranok,
Näme diýsem ilgezik…

Adamsynyň bäş ýyl öňki paltosy,
Şol bir penjek-jalbary
Birden düşüp o zenanyň ýadyna,
Oňaýsyz ýagdaýda turdy-da gitdi.
Çit köýnekli zenan asmana garap,
Geçip barýan durnalara seretdi.

Hem diýdi pyşyrdap özi-özüne:
Meň göwherim çagalarmyň saglygy,
Adamymyň begenji.
Her säher parahat örsek ojakda,
Şol käni-genjim.

Meň merjenim säher açylan güller
Hem çyglar gunçalaň boýnuna düzlen.
Maňa çit köýnegi bol-elin berse,
Bereketden doly ýaýlarar, düzler
Hem arassa bolsa şu mawy asman,
Adamlara baky dilesem aman.

Ah, zenanlar,
Biri-birine asla
Meňzemeýän zenanlar.
Kimleň dünýäsi göwher,
Ol gurbany baýlygyň,
Kimler bolsa mydama
Soňky “moda” edinip,
Diläp gezýär saglygy.

Aýdym ýazyň, şahyrlar,
Kä zenanlaň ýüregne
Dakar ýaly ýakuty,
Düzer ýaly göwheri.
Sözlerňiz mukam bolup
Dolsun olaň kalbyna.
Göwher däl-de, durmuşdan
Bolsun olar mydama
Arassa bagt algyly…
Gollary däl –
Kalby bolsun göwherli,
Boş göwre däl, –
Ýürek bolsun baharly!

Näzik ANNATYÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle