Ýüregime dowul düşen mahaly
Ýüregime dowul düşen mahaly
Ýüregime dowul düşen mahaly,
Endigim bar ýagşylyga garaşmak,
Öňdenem bu zatlar tanyş mysaly,
Howsalanyň özi bilen ýaraşmak.
Täzelikde gelip giden günlerimiň,
Iç-daşyna garap emin göz bilen,
Barmak basyp iňňesine güllermiň,
Kesip biljek bolup durman gez bilen.
Ýol arçaýan ruhubelent dünýämiň,
Hoş söz bilen açmak üçin işigin,
Özgerýänmi-ynjalýanmy duýýaryn,
Haklygyna ynanamsoň işimiň. Goşgular