|

Garşylyk

Garşylyk GARŞYLYK

Garşylyk

Her pikirde bir ýürek bar,
Her ýürekde müňläp pikir.
Biri ýagşy, biri erbet,
Biri hak, beýleki mekir.

Çapraz pikir arasynda,
Ynam üçin howa ýokdur.
Hemmäniňem agyr derdi,
Ol derde-de doga ýokdur.

Dawa edýär iki kişi,
Bir-birege oýkap döşün.
“Maňa düşün!..” diýýär biri,
Ol hem diýýär: “Maňa düşün!..”

Bu çapraz pikirleň urşy,
Biri hak, biri-de nähak.
(Gör, ynsanyň göçdi huşy –
Bu pelegiň oýnuna bak!..)

Goşa güýjüň zarbasyndan
Kalp ses edýär, dükür-dükür.
Her pikirde bir ýürek bar,
Her ýürekde müňläp pikir…

Azymberdi KAKAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle