Ýok wagtyñ ýazylan setirler
Ýok wagtyñ ýazylan setirler
Men obany söýýän, oba durmuşy,
Säherden başlanýar hemmeler üçin.
Ir örmek, gör, neneň lezzet beriji,
Tamdyra nan ýapjak ýeňňeler üçin.
Men obany söýýän, sebäbi onda
Sada ynsanlaryň sada kalby bar.
Ýaşuly, ýaşkiçi saýgaryp durman
Olaň hemmä salam bermek parzy bar.
Men obany söýýän, çünki ol ýerler
Çagakam oýundan doýmadyk ýerlem.
Ary ketegne çen kesegmiz çenäp,
Olary erkine goýmadyk ýerlem.
Bişmedik miwäni ýolanym üçin
Jeza berlen ýeri ençe gezekleň.
Aýakýalaň çägäň üstünde oýnap,
Heziller ederdi çaga ýürekler.
Men obany söýýän, sebäbi Watan
Obaň halal ojagyndan başlanýar.
Men Watany söýýän, sebäp bu ýurtda
Ýaşaýanlaň mydam kalby ýaş bolar.
■ EJEME
«Enäniň ýüregi jomart» diýýärler.
Dogry.
Şeýle jomart kalply meňem ezizim.
Ýigrimbir ýyl yza nazar aýlasak,
Tomsuň şu gününde, şu sagatlarda
Umytly garaşyp geljek çagaňa
Bäbekhana tarap ýola düşensiň,
Öz doglan günüňem unudyp şol gün
Meň geljegme ganatlanyp uçansyň.
Hawa, şeýle bolandyr ol, elbetde,
Bar pikiriň gundaglyja bäbegiň.
Şoňa ak säherde ak arzuw edip,
Dynjyny bir aldymyka gabagyň?!
Gözleriň ýellenip gidendir belkem,
Aňsat däl seňkem.
«Enäniň eli hem jomart» diýýärler
Şeýle jomart eliň, meniň ezizim.
Doglan günem sowgat almaň deregne
Maşgalaňa sowgat beripsiň gyzyň.
Şol gyzyň — kiçijek bäbejik gyzyň
Mähriňden boý alyp ösüpdir kemsiz.
Bu ýagty jahana bereniň üçin
Söýýändir çensiz.
■ ÝOK WAGTYŇ ÝAZYLAN SETIRLER
Ýene ýada düşdi gara gözleriň,
Ýene sebäp tapdy, gözüm ýaşlara.
Maňa hiç zat, hiç zat gerek däl welin,
Dertlerimi bir tarapa taşlara —
Ýardam berjek syrdaş gözleýän diňe,
Goý, ýat bolsun, ýatdan zyýan gelmeýär.
Nyşana almakda ejiz ýermizi
Diňe biziň ezizlermiz gözleýär.
Hawa, eje köp zat öwrendim bärde,
Utdum hem utuldym, sada boldum men.
Ýalansyz ýaşaýşy bereniň üçin,
Ýalansyz söýmegi kada bildim men.
Ýöne hemme deň däl eken, mähriban,
Deň däl eken bu baglaryň boý alşy.
Bir howany bagra sorýanam bolsak,
Tapawutly aklymyzyň goýalşy.
Köp zatlarda dura-bara taplandym,
Kä zatlarda hiç kynçylyk çekmedim.
Şeýde-şeýde, sapak alyp durmuşdan
Dünýä atly bir adanyň başynda
Ýalan bilen göreşmäge düşledim.
■ ÝÜREKDE GALAN SÖZLER
Paşmajak arzuwlaň gyjalatyndan,
Surnugaňda umytlaň bor teselli.
Başy bogulmadyk maksatlaryňa
Rowa görmän çäresizje keselňi
Ýüregiňe diňşirgenseň az salym.
Ýer almasa Ýer ýüzünde gedemlik
Şol endikden saplanmaga çalyşsaň.
Puşman bolup edenlerňe özüňem
Päk niýete, ak arzuwa gol açsaň,
Yhlasyňy gömmeklige het etmen,
Birazajyk saplanaýsa endigiň,
Diňe şonda bir pursatlyk özüňi
Meň dünýämden idemäge gelginiň…
* * *
Sen özüňi şeýle gerekledýärsiň,
Hatda düýşüme-de girip bileňok.
Soraşman kalbyma giren bolsaňam,
Neçün öz kalbyňa buýrup bileňok,
Belkem, söýeňok.
Men bolsa, durmuşy sen diýip aldym,
Mysalymda ýalňyşmasam ne ýagşy.
Söýgim haýaň saýasynda güllänsoň,Subut edilmesiz ýüregmiň urşy,
Ýok indi garşy.
Jogapsyz goýsaňam, sebäpsiz goýgun,
Meniň kalbym kir-kimirsiz päk dünýä.
Takdyr ýazsa, ýagşysyny ýazýandyr,
Sensizem men, belki bagtly bolaryn,
Kim bilýä?!
■ WAGT GÖRKEZER
Men saňa nämeler diýeýin başga,
Galmaz ýaly ýüregiňde armanyň.
Biz belli karara gelmejek bolsak,
Gowy dälmi gaýta meni söýmäniň.
Duýgularyň bulutlaşyk howa deý,
Ysgynsyz öwüsýän ýeller mysaly.
Umytlaryň diňe birine baglap,
Menden senem tapyp bilmän wysaly —
Çyrpynyp her ýana galgajak bolsaň,
Giň dünýäni meniň üçin dar etseň,
Bagyşlaman hem seni, hem özümi
Çykalgasyz ýoly maňa ýar etseň.
Şol sebäpli ýalňyşdyrma, ýalňyşma,
Gury söz deý eşdilmesin diýýänim.
Wagtyň barka pikirlerňi taplap gel,
Wagt görkezer söýmeýäniň, söýýäniň.
■ YNAM
Işlerim bir ýana taşlajak şu gün,
Şu gün ýüregimiň arzyn diňlejek.
Dünýä giňdir, bolsa bolsun onda-da,
Ýüregime sygyp, dünýä sygmajak
Söýgi döretjek.
Gurjak özüm özboluşly ýaşaýyş,
Arzuwlarda ýitip gitjek birsalym.
Kakabaş duýgymyň soňuna çykjak,
Yzyma gaýdamda gyzmasyn ýüzüm.
Ruhum, bedenim hem onki süňňüm
Täze dünýä inen ýaly bolmaly.
Bolmazlygy üçün geljegiň nädürs
Diňe öz dünýämiň hany bolmaly.
Aňyma guýaýyn bu goja dünýäň
Biz üçin ýöne bir oýun däldigni.
Dünýäni özümçe üýtgetjek boldum,
Ýöne men islegme boýun däldigne
Düşündim.
Ýene-de hiçden giç ýagşy.
Unutdym owarra el bermän eken,
Bar zada täzeden başlajak diýseň,
Ynamyň eliňe el berýän eken.
■ TEBIGATA
Asmandan Zemine damýan damjalar,
Gül çemenleň ýaňagyna damyp dur.
Şeýle gözellige suwsan Ýer ýüzi
Damjalary öz goýnuna salyp dur.
Tebigat al-ýaşyl öýmesin ezip,
Süýji arzuwlara gark bolup otyr.
Gözellikleň münberinden paý alyp,
Täsin ýatlamalar göz öňüne getir.
Seret, neneň gözel baglaryň ýüzi,
Ýagyş ony mähir bilen owkaýar,
Hatda, ynsanlaram bu gözellige
Başyn ýaýkaýar…
Leýla ALLAMYRADOWA. Goşgular